Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdymçy Nazir Habibow azatlyga goýberildi


Nazir Habibow. Arhiw suraty
Nazir Habibow. Arhiw suraty

Türkmenistanda belli estrada ýyldyzy Nazir Habibow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli yglan edilen amnistiýanyň çäginde azatlyga çykdy. Bu barada Azatlygyň ýurduň içindäki çeşmeleri habar berýär. Garaşsyz turkmen.news neşiri hem bu barada aýdymçynyň aýalynyň sosial mediada galdyran maglumatlaryna ünsi çekýär.

Nazir Habibow 2016-njy ýylda uly mukdarda neşe maddalaryny saklamakda günäli tapylyp, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Türkmen telewideniýesinde onuň “neşe serişdelerini ulanandygyny” boýun alyp, öz-özüni ýazgaryp çykyş edýän pursatlary hem görkezilipdi.

“Meşhur aýdymçy Nazir Habibow amnistiýa düşüp, azatlyga çykdy. Ony häzir Çelekendäki öýünde garaşýarlar. Ol Türkmenabatdaky türmeden boşadylyp, häzir Aşgabatdaky jaýyna baran bolmaly” diýip, 25-nji sentýabrda ýerli habarçymyz gürrüň berdi.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tussaglaryň günäsini geçmek çäresi yglan edildi we onuň çäginde 829 türkmen raýaty we 4 daşary ýurt raýaty türmeden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG