Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski söweşleriň ‘netijelidigini' aýdýar, Günbatar Putiniň ýadro haýbatyna jogap berýär


Prezident Wolodymyr Zelenski
Prezident Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti 25-nji sentýabr agşamy Russiýanyň çozuşyna garşy ýedi aýlyk goranyşyň öň hatarlarynda gazaply söweşleriň bolandygyny, emma Kiýewiň "oňyn netijeleri" görýändigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiniň söweş meýdanyndaky ýagdaýlara beren bahasy onuň biraz öň beren radio interwiýysynyň we rus prezidenti Wladimir Putiniň Moskwa güýçleriniň söweş meýdanyndaky ýitgileriniň arasynda atýan ýadro haýbatlaryny görmezlik etmeli däldigi barada beren duýduryşynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şu aralykda, Angliýanyň täze premýer-ministri Liz Trass Putiniň soňky beýanatlaryny "gylyç galgatmak" we "ýalan haýbatlar" diýip häsiýetlendirse, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan Waşingtonyň Moskwa Ukraina garşy ýadro ýaragyny ulansa, onuň ýüzbe-ýüz boljak "betbagtçylykly netijelerini" mälim edendigini aýtdy.

Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde gündogar Donetskde, demirgazyk-gündogar Harkowda we günorta Mikolaýiw we Zaporižýa sebitlerinde rus güýçlerine garşy bolan söweşlerde ilerleme gazanylandygyny öňe sürdi.

"Biz birnäçe ugurda oňyn netijelere eýe bolduk" diýip, ol aýtdy. Russiýa we onuň Ukrainanyň Donetsk, Luhansk, Herson we Zaporižýa sebitlerindäki separatist ýaranlary mümkin bolan garaşsyzlyk we Russiýa birleşmek barada guralan referendum diýilýän ses berişlikde ses berdiler.

Bu ses berişlikleriň jemleri 27-nji sentýabrda jemlenmeli.

Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky we gündogaryndaky garşylykly hüjümleriniň arasynda olar Kiýewiň şu aýda müňlerçe inedördül kilometr meýdany yzyna alandyklaryny aýtdylar.

Putin we beýleki rus resmileri bölekleýin basylyp alnan ýerlerde gurnalan ses berişligiň bu sebitleriň Russiýanyň bir bölegine öwrülmegi üçin dolanuwsyz üýtgeşmelere sebäp boljakdygyny öňe sürdüler.

Şeýle-de Putin Moskwanyň olary goramak üçin ähli serişdäni ulanyp biljekdigini aýtdy.

Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşyndan soň, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowdan Moskwanyň anneksiýa edilen sebitleri goramak üçin ýadro ýaragyny ulanmaga esaslarynyň bardygy ýa-da ýokdugy soraldy.

Ol “has giňeldilen” çäkleriň Russiýanyň konstitusiýasynda “doly döwlet goragy astynda” bolýandygyny aýtdy.

Emma Kiýew we halkara jemgyýetçiliginiň köp köp bölegi bu ses berişligiň "galpdygyny" we kanuny esaslarynyň ýokdugyny aýtdy.

Ukrainanyň elden gideren ýerleriniň hemmesini yzyna aljakdygyny wada beren Zelenski 25-nji sentýabrda ABŞ teleradioýaýlymyna beren interwýusynda "Belki, düýnki gün bu bir blef boldy. Indi ol reallyk bolup biler" diýdi.

Ol Putin baradaky sözüniň üstüni ýetirip: "Ol bütin dünýäni gorkuzmak isleýär. Bular ýadro şantajynyň ilkinji ädimleri. Meniň pikirimçe, ol blef etmeýär”, ýagny etmejek zadyny aýtmaýar diýdi.

Angliýanyň premýer-ministri Trass 25-nji sentýabrda CNN telekanalyna beren interwýusynda Putiniň haýbatlaryndan gorkmagyň ýerine "biziň Russiýa garşy sanksiýa girizmegi we ukrainlere goldaw bermegi dowam etdirmegimiz gerek" diýdi.

ABŞ resmileri Kremliň haýbatlaryna kän geleňsizlik etmediler.

"Eger-de Russiýa bu çäkden geçse, bu ýerde Russiýa üçin betbagtçylykly netijeler bolar; Birleşen Ştatlar aýgytly jogap berer" diýip, Jeýk Salliwan ABŞ telewideniýesine aýtdy.

Şu aralykda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň täze hasabaty çap boldy, onda Russiýanyň Ukrainada sekizinji aýyna giren urşunyň dünýä ykdysadyýetine ozalky çaklanyşyndan has kän zyýan ýetirjekdigi aýdylýar.

Forum

XS
SM
MD
LG