Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew Russiýanyň Ukrainanyň basylyp alnan ýerlerinde geçiren galp refrendumlarynyň 'boşdugyny' aýdýar


Donetsk
Donetsk

Kiýew 28-nji sentýabrda Moskwanyň Ukrainanyň dört sebitinde, bölekleýin rus güýçleriniň gözegçiliginde saklanýan topraklarynda olaryň Russiýa birikdirilmegi üçin guralan ses berişlikleriň "boş we peýdasyzdygyny" aýtdy, Günbatary bolsa Ukraina berýän harby kömegini "has-da ýokarlandyrmaga" çagyrdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ses berişligi we olaryň netijelerini "ýarag niliniň" astynda gurnalan "galplyk" diýip atlandyrsa, ABŞ resmileri Waşingtonyň, Ukrainanyň territoriýasy anneksiýa edilen ýagdaýynda, Russiýa garşy sanksiýalaryň täze tapgyryny taýýarlajakdygyny aýtdy. Ýewropa Bileleşigi hem referendum diýilýäniň "galplaşdyrylan netijelerini" ýazgardy.

Ukrainanyň Moskwa tarapyndan bölekleýin gözegçilik edilýän dört sebitinde Russiýa tarapyndan goldanýan resmiler Russiýa Federasiýasyna goşulmak barada geçirilen referendumlaryň soňky netijelerini yglan edip, saýlawçylaryň anneksiýany "aglaba köplükde goldaýandyklaryny" aýtdylar.

Günbatar we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ‘galp’ diýlip häsiýetlendirilen referendumlar 23-27-nji sentýabr aralygynda Zaporižýa, Luhansk, Donetsk sebitlerinde we Hersonyň Moskwanyň harby basybalyjylygy astynda galýan ýerlerinde geçirildi. Bu ýerler Ukrainanyň çäginiň takmynan 15 göterimini tutýar.

Bu çäre Ukraina, günbatar hökümetleri we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan, diýilýän ses berişligiň halkara hukugyna laýyklykda bikanun bolmagy sebäpli, doly ret edildi.

Şeýle-de, galp referendumlar geçirilende, käbir ýerli resmileriň saýlawçylara haýbat atýandygy we olary ses bermäge mejbur edýändigi öňe sürüldi.

Saýlaw resmileri köp halatlarda rus güýçleriniň ýaragly wekilleri bilen bilelikde aýlanyp, saýlaw gutularyny adamlara öýme-öý getirip, öz isleýän netijelerini gazanmaga çalyşdylar.

Gündogar Ukrainanyň Donetsk sebitinde saýlawlara gatnaşanlaryň 99,23 göterimi onuň Russiýa girmegine ses berdi we Moskwa tarapyndan goldanýan separatist lider Denis Puşilin bu netijäni “ägirt uly” netije hökmünde häsiýetlendirdi.

Beýleki bir gündogar sebitde, Luhanskda Russiýa tarapyndan bellenen saýlaw işgärleri gutarnykly netijäni yglan edip, ses berenleriň 98,42 göteriminiň anneksiýanyň tarapdary bolandygyny aýtdy.

Zaporižýa sebitindäki saýlaw häkimiýetleri berlen sesleriň 93,11 göteriminiň anneksiýany goldaýandygyny, Hersonda bolsa ses berenleriň, hamala, 87.05 prosentiniň anneksiýanyň tarapdary bolandygyny aýtdylar.

Parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy Walentina Matwiýenko Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 30-njy sentýabrda geçiriljek mejlisde referendumlar barada parlamente ýüzlenme bilen çykyş etjekdigini we kanun çykaryjylaryň 4-nji oktýabrda anneksiýa kanunlaryna seredip biljekdigini aýtdy.

Zelenski 27-nji sentýabrda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde "galp referendumyň öňe sürülýän netijelerindäki sanlaryň öňünden kesgitlenendigini" aýtdy.

Ol dünýädäki her bir ýurt indi Russiýanyň anneksiýa etmegine garşy anyk yşarat etmeli diýdi.

"Russiýa bütin dünýäň gözüniň öňünde Ukrainanyň basylyp alnan ýerlerinde ‘referendum’ diýilýän gözgykgynç galplyga ýüz urýar” diýip, ol aýtdy.

"Adamlar pulemýot nilleriniň astynda, telewizor suraty üçin, käbir kagyzlary doldurmaga mejbur edildidiler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Russiýa tarapyndan sahnalaşdyrylan galp ses berişligiň “boş we peýdasyzdygyny” aýtdy we halkara hyzmatdaşlaryny Moskwa garşy täze sanksiýalary girizmäge, Kiýewe has köp harby kömek bermäge çagyrdy.

"Ukraina hiç hili ultimatuma razy bolmaz" diýip, ministrlik aýtdy.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell 28-nji sentýabrda "bikanun anneksiýa" ses berişligini we "galplaşdyrylan" netijeleri ýazgarýandygyny aýtdy.

"ÝB bikanun ‘sala salyşlygyň’ geçirilmegini we olaryň galplaşdyrylan netijelerini ýazgarýar" diýip, Borrell twitterde ýazdy.

"Bu, adam hukuklarynyň yzygiderli bozulmagynyň arasynda, Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini ýene bir gezek bozmak bolýar" diýip, ol aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG