Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy 28-nji sentýabr agşamy Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministri Almazbek Beýşenaliýewiň tussag edilendigini habar berdi. Onuň para alan pursadynda tussag edilendigi aýdylýar.
Içeri işler ministrliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, Beýşenaliýew daşary ýurtly studentleriň ýurt içindäki ÝOJ-lara kabul edilende berýän aýratyn uly mukdardaky paralary boýunça geçirilen derňewiň çäginde tussag edildi. Bu ýerde 110 müň dollar mukdaryndaky para barada gürrüň edilýändigi aýdylýar.
Içeri işler ministrligi derňewiň netijeleri boýunça kazyýet işi bilen baglanyşykly maglumatlaryň ählisiniň aýan ediljekdigini aýtdy.
Almazbek Beýşenaliýew 2022-nji ýylyň fewral aýynda bilim ministri wezipesine bellendi.
Ol ozal Warşawadaky Wistula uniwersitetinde prorektor bolup işledi, ABŞ-da ýerleşýän Jon Hopkins uniwersitetinde mugallymçylyk etdi.
Iýun aýynda Gyrgyzystanda ýurduň saglyk ministri bolup işleýän Alymkadyr Beýşenaliýew tussag edildi. Onuň korrupsiýada güman edilýändigi aýdyldy. Emma soň kazyýet ony öý tussaglygynda boşatmak kararyna geldi.