Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin gaz geçirijilerdäki partlamalaryň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde maslahatlaşylmalydygyny aýtdy

Wladimir Putin
Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň "Demirgazyk akym” we "Demirgazyk akym 2” gaz geçirijisindäki partlamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyny BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine çykarjakdygyny aýtdy.

Ol bolan iş boýunça ilkinji gezek açyk gürrüň edip, bu hadysalary halkara terrorçylygy diýip atlandyrdy.

Kremliň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Putin bu meseläni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirende gozgady. Ýewropaly resmiler we NATO-nyň ýolbaşçylary biraz öň bu partlamalaryň sebäbiniň sabotaž bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdylar.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Brýusselde Daniýanyň goranmak ministri Morten Bodskow bilen bolan duşuşygynda geçirijileriň "sabotažy" barada pikir alyşandygyny aýtdy.

"Biz NATO ýurtlaryndaky möhüm infrastrukturany goramak meselesini maslahatlaşdyk" diýip, ÝB ýurtlarynyň köpüsini öz içine alýan Günbatar harby bileleşiginiň başlygy twittered ýazdy.

Ýewropa Bileleşigi 28-nji sentýabrda 27 ýurtdan ybarat blogyň energiýa magistrallaryna hüjüm etmäge synanyşýanlara berk duýduryş çap etdi.

XS
SM
MD
LG