Baş örtüsini nädogry geýendigi üçin ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilenden soň ýogalan ýaş zenan sebäpli başlanan anti-hökümet protestleri, gozgalaňa garşy görülýän gazaply çäreleriň has berkidiljekdigi barada berlen resmi duýduryşa garamazdan, tutuş ýurda ýaýramagyny dowam etdirýär.
Öten agşam sosial ulgamlarda çap edilen wideolardan görnüşine görä, Eýranyň Töwriz, Najafabad, Yspyhan, Tähran, Maşat, Sanandaj we Urmiýa ýaly azyndan alty şäherinde demonstrasiýalar we nägilelik ýörişleri geçirildi.
Aktiwistler we garyndaşlary 22 ýaşly Mahsa Amininiň tussaglykda kellesine urulmagy netijesinde ölendigini aýdýarlar. Häkimiýetler onuň ýürek keselinden ölendigini öňe sürýärler.
Bu gahar Eýranyň dini ýolbaşçylarynyň aýal-gyzlara edýän zulum-sütemi, şol sanda aýal-gyzlary köpçülikde başyny örtmäge mejbur edýän kanunlar zerarly hem güýçlendi we Eýranyň daşynda hem goldaw tapdy.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň köpüsi birleşip, Eýrandaky protestleri goldamak üçin, 1-nji oktýabrda dünýäniň 70-den gowrak şäherinde geçiriljek ýygnanyşyk barada sosial ulgamlarda habar berdiler.