Ukrain güýçleri möhüm demirýol geçelgesi bolan Liman sebitindäki rus goşunlarynyň daşyny gabady diýip, Ukraina güýçleriniň Gündogar toparynyň metbugat sekretary 1-nji oktýabrda aýtdy.
“Liman sebitindäki rus toparynyň daşy gabaldy” diýip, metbugat sekretary Serhiý Çerewatiý aýtdy.
“Ýampil, Nowoseliwka, Şandryholowe, Drobyşewe we Stawky ilatly nokatlary azat edildi we durnuklylaşdyrma çäreleri görülýär” diýip, ol aýtdy.
Çerewatiý daşy gabalan rus esgerleriniň sanynyň 5 müň töweregindedigini aýtdy we rus güýçleriniň gabawy böwüsmäge synanyşýandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.
Donetsk sebitiniň Liman demirýol geçelgesiniň golaýynda barýan gazaply söweşler Russiýanyň öz territoriýasy hökmünde bikanun ele geçiren sebitleriniň birinde Russiýa üçin möhüm harby yza çekiliş howpuny abandyrýar.
Russiýa bu habarlary teswirlemedi.
Moskwa Limany Donetsk sebitiniň demirazgyk bölegindäki operasiýalary üçin logisitiki geçelge hökmünde ulanýardy.
Bu sebitiň synmagy geçen aý ýyldyrym çaltlygyndaky ukrain garşylyklaýyn hüjümleriniň Harkow sebitinde rus goşunlaryny yza serpikdirmeginden soň bolup geçen iň çynlakaý rus yza çekilişi bolar.
Çerewatiý Limanyň azat edilmegi bilen ukrain güýçleriniň Luhansk sebitine, “Kreminna we Sewerodonetske tarap” ilerlemäge mümkinçiligi bolar diýdi. Bu bolsa Luhansk sebitiniň iýul aýynda doly basylyp alnandygyny yglan eden Kreml üçin nobatdaky masgaraçylyk bolar.