Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa Belarus bilen serhetde gurýan haýatynyň gurluşygyny tamamlady


Serhetde gurlan haýat
Serhetde gurlan haýat

Polşa Belarus bilen serhetde gurýan haýatynyň gurluşygyny tamamlady diýip, Polşanyň ýörite gulluklarynyň wekili Stanislaw Žaryn aýtdy.

"Häzirki wagtda Polşa bikanun girmek mümkin däl. Polşa serhedi şu günki günde Ýewropadaky iň goragly serhet” diýip, ol twitterde ýazdy.

Serhet haýatynyň gurluşygyna takmynan 330 million ýewro sarp edildi.

Haýatyň gurluşygy 2021-nji ýylyň güýzünde, Belarusyň üsti bilen ÝB-ne bikanun girmäge synanyşan migrant akymynyň birden ýokarlanmagy sebäpli başlandy.

Şonda Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri Aleksandr Lukaşenkony 2020-nji ýylda Belarusda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň guralan halk protestlerini rehimsizlik bilen basyp ýatyrandygy üçin Brýussel tarapyndan girizilen sanksiýalara jogap hökmünde, migrant "gaçakçylygyny" etmekde aýyplady.

Litwanyň häkimiýetleri hem Belarus bilen serhetde gorag päsgelçiligini gurmak kararyna geldiler. Bu ýurt serhet haýatynyň gurluşygyny 2022-nji ýylyň awgustynda tamamlady. Tikenekli simli we bäş metr beýiklikde gurlan beton haýatyň uzynlygy 502 km diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG