Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri Liman sebitinde öňe süýşýär, ruslaryň köp ýitgi çekendigi aýdylýar


Wolodymyr Zelenski 2-nji oktýabrda Telegram kanalyna ýerleşdirilen wideoda "Ir sagat 12:30 çenli Liman doly arassalandy" diýdi.
Wolodymyr Zelenski 2-nji oktýabrda Telegram kanalyna ýerleşdirilen wideoda "Ir sagat 12:30 çenli Liman doly arassalandy" diýdi.

Liman, gündogardaky strategiki şäher doly gözegçilik astyna alnandan bir gün soň, Ukrain goşuny Donetsk sebitindäki ilerlemesini dowam etdirýändigini, Russiýanyň köp ýitgi çekýändigini aýtdy. Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Gündogar toparynyň metbugat sekretary Serhiý Çerewaty ukrain goşunlarynyň 2-nji oktýabrda Limanyň golaýyndaky Torske şäherçesini azat edendigini we Luhansk sebitiniň Kreminna şäherindäki rus harby bölümlerine "ot sowurýandygyny" aýtdy.

Şu aralykda, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 3-nji oktýabrda, Russiýanyň bir gün öň 320 esgerini ýitirendigini, olaryň köpüsiniň Kramatorsk we Bahmut ugrunda galandygyny habar berdi. Ukraina Russiýanyň fewral aýynda başlan urşunyň dowamynda takmynan 60,400 esgerini ýitirendigini aýdýar.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu geçen aý rus ýitgileriniň 5937 adam bolandygyny aýtdy.

Bu aýdylýan sanlaryň hiç birini garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.

Şeýle-de, 3-nji oktýabrdaky habarlarda ukrain güýçleriniň Ukrainanyň günortasyndaky Dnipro derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşýän şäherleri yzyna alýandyklary aýdyldy.

Ukrain güýçleriniň ilerlemesiniň gerimi tassyklanmady, Kiýew bu sebitdäki ýagdaýlar barada doly dymmagyny dowam etdirýär. Emma muňa garamazdan, rus harby blogçylary ukrain tanklarynyň derýa kenaryndaky territoriýada onlarça kilometr aralygy geçendigini aýdýarlar.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Anton Heraşçenko, ukrain resmileriniň berýän seýrek düşündirişleriniň arasynda, Zolota Balkada bir ukrain esgeriniň baýdak galdyrýan wideosyny çap etdi. Ol bu ýeriň ozalky front liniýasyndan aňyrdadygyny aýdýar.

Bu maglumatlar Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski gündogardaky Limany, rus goşunlarynyň bir gün öň yza çekilen strategik şäherini ukrain goşunlarynyň doly gözegçilik astyna alandygyny habar bereninden bir gün soň geldi.

Wolodymyr Zelenski 2-nji oktýabrda Telegram kanalyna ýerleşdirilen wideoda "Ir sagat 12:30 çenli Liman doly arassalandy" diýdi.

“Esgerlerimize sag bolsun aýdýaryn. Ukraina şöhrat!” diýip, prezident aýtdy.

Limanyň yzyna alynmagy ukrain güýçleriniň birnäçe hepdäniň dowamynda söweş meýdanynda gazanan iň möhüm üstünligi boldy we Harkow sebitiniň demirgazygyndaky rus güýçlerini derbi-dagyn eden garşylykly hüjüm bilen dowam etdirilip, köp synçyny haýran galdyrdy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin Waşingtonyň Ukrainanyň bu gazanan üstünliginden "örän ruhlanandygyny" aýtdy.

Liman ýollaryň çatrygynda we demirýol menziliniň ugrunda ýerleşýär; analitikler ukrain goşunlarynyň bu şäheri gündogara tarap has ilerlemek üçin ulanjakdygyny aýdýarlar.

Şäher birnäçe günden bäri güýçli söweşleriň sahnasyna öwrüldi, ukrain goşunlary onuň daşyny gurşap aldy we şäheri goran 5000 töweregi rus esgerini gabawa saldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 1-nji oktýabrda, "gabaw howpunyň döremegi bilen baglanyşykly", bu sebitdäki goşunlaryny çykarýandygyny aýtdy.

Tassyklanmadyk habarlarda rus goşunlarynyň agyr ýitgi çekendigi we bir topar esgeriň ýesir alnandygy aýdylýar.

Bu habar Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň rus güýçleri tarapyndan bölekleýin basylyp alnan dört sebitiň anneksiýa edilendigini yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Limanyň ýerleşýän Donetsk sebiti Putiniň eýe çykan dört sebitiniň biri bolup durýar.

Kiýew we Günbatar Russiýanyň anneksiýa jarnamasyny bikanun we galp diýip ýazgardy.

Putiniň ýarany we Russiýanyň Çeçenistan sebitiniň başlygy Ramzan Kadyrow, Liman ýitirilenden soň, Ukrainada pesräk kuwwaty bolan ýadro ýaragyny ulanmak meselesine seretmelidigini aýtdy.

Limanyň ýitirilmegi sebäpli rus generallaryny tankytlan Kadyrow Kremliň özünde bar bolan ähli ýaragy ulanmagynyň wagtynyň gelendigini aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 3-nji oktýabrda Moskwada geçirilen metbugat ýygnagynda Kadyrowyň Russiýanyň harby operasiýasyna "uly goşant goşandygyny" we şu sebäpli bu meselede öz pikirini aýtmaga hukugynyň bardygyny aýtdy, ýöne ol "agyr pursatlarda hem duýgularyň berilýän bahalaryň ählisinden aýrylmalydygyny" belledi.

"Ýadro ýaraglaryny ulanmak diňe degişli taglymatda görkezilenleriň esasynda mümkin. Bu meselede başga pikir-garaýyşlar mümkin däl" diýip, Peskow Russiýanyň taglymatynyň ýadro ýaraglarynyň diňe Russiýa Federasiýasynyň barlygyna howp abanýan halatynda ulanylyp bilinjekdigini nazarda tutýandygyny ýaňzytdy.

Forum

XS
SM
MD
LG