Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Has uzak aralyga ýetýän raketa alsa, Ukraina urjak zarbalaryny ABŞ bilen ylalaşar

ABŞ. ATACMS goşun taktiki raketa ulgamy
ABŞ. ATACMS goşun taktiki raketa ulgamy

ABŞ resmileri 3-nji oktýabrda Waşingtonyň Ukraina ýakyn wagtda ýene dört sany kämil raketa ulgamyny iberjekdigini aýtdy.

HIMARS ady bilen tanalýan we ýokary anyklygy bolan artilleriýa raketa ulgamlary ýurduň harby güýçleriniň uruşda üstünlik gazanmagyna kömek etdi.

HIMARS-lar Russiýanyň öz goşunlaryny üpjün etmek üçin ulanan köprülerine zarba urmak üçin ulanyldy. Goşmaça iberilýän dört HIMARS 4-nji oktýabrda yglan edilmegine garaşylýan täze 625 million dollarlyk kömek bukjasynyň bir bölegi bolar diýip, ABŞ metbugatynda çykan habarlarda aýdylýar.

Bu karar ABŞ-nyň iýul aýynyň aýagyndan bäri Ukraina ilkinji gezek has köp HIMARS ibermek pikirine gelendigini görkezýär. Täze iberilen raketa ulgamlary Ukraina şu wagta çenli iberilen HIMARS-laryň umumy sany 20-ä ýetirer.

Şu aralykda, CNN habar gullugynyň ABŞ hökümetiniň ady aýdylmadyk resmilerine salgylanyp habar bermegine görä, Ukraina Birleşen Ştatlardan has uzak aralyga ýetýän raketalar alnan halatynda, uruljak zarbalaryň nyşanalaryny amerikan tarapy bilen ylalaşmagy teklip etdi.

Bu ýerde gürrüň Ukrainanyň bar bolan HIMARS raketa ulgamlaryndan atyp biljek ATACMS raketalary barada barýar.

Takmynan 70 kilometre ýetýän adaty raketalardan tapawutlylykda, ugrukdyrylýan ATACMS raketalary 300 kilometre çenli aralyga zarba urup bilýär.

XS
SM
MD
LG