Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragyna fransuz ýazyjysy Anni Erno mynasyp boldy


Fransuz ýazyjysy Anni Erno (Annie Ernaux)
Fransuz ýazyjysy Anni Erno (Annie Ernaux)

2022-nji ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragy, “şahsy hakydanyň, kesekileşmegiň we köpçülikleýin çäklendirmeleriň gözbaşlaryny açmakdaky kliniki anyklygy we batyrgaýlygy üçin”, fransuz ýazyjysy Anni Erno (Annie Ernaux) berildi. Bu barada baýragyň sosial ulgamlardaky sahypasynda habar berildi.

Anni Erno 1940-njy ýylda, Normandiýanyň kiçijik Iveto şäherinde doguldy we kemala geldi, onuň ene-atasynyň şol ýerde birleşdirilen azyk dükany we kafesi bardy.

Anni Erno öz işlerinde, Nobel baýragyny bermek baradaky komitetiň habarynda aýdylmagyna görä, "jyns, dil we synp taýdan düýpli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan durmuşy yzygiderli we dürli tarapdan öwrenýär". Ol "Häkimiýetde", "Waka", "Aýal" ýaly otuzdan gowrak edebi eser döretdi.

Ernonyň öz sözlerine görä, "ýazyjylyk biziň gözlerimizi sosial deňsizlige açýan syýasy hereket bolup durýar". Erno özüniň "Hünär" (2002) atly eserinde "romantik söýginiň sosial mifologiýasyny seljerýär".

"Söýgülisiniň taşlandygy aýdylýan gündelik ýazgylaryna esaslanyp, ol şol bir wagtda özi babatynda stereotipler esasynda gurlan düşünjäni boýun alýar we oňa hüjüm edýär. Bu hat hakykaty derňeýän ýiti ýarag bolýar" diýip, Baýrak gowşurmak komiteti aýtdy.

Özüniň awtobiografiki eserleri bilen tanalaýan Erno 2014-nji ýylda Patrik Modianodan bäri Nobel baýragyny alan ilkinji, şu wagta çenli Nobel baýragyny alan 16-njy fransuz ýazyjysy boldy.

XS
SM
MD
LG