Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zaporožýe raketa atyşyna sezewar boldy: 17 adam öldi


9-njy oktýabr gijesi Zaporožýe şäheri uly raketaly hüjüme sezewar boldy. Sebitiň harby administrasiýasy 10 golaý partlamany hasaba aldy.

Şäher geňeşiniň sekretary Anatoliý Kurtewiň telegram kanalynda ýazyşy ýaly, köpgatly ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi; hususy jaýlaryň bäşisi ýumruldy we azyndan 40 jaýa zeper ýetdi. Kurtew azyndan 17 adamyň ölendigini habar berdi. Şäherde harabalyklary arassalamak we ýangyny söndürmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mundan öň Zaporožýede 6-njy oktýabrda bolan uly ok atyşykda 11 adam wepat boldy.

Zaporožýe sebitiniň köp bölegi rus goşunynyň gözegçiliginde bolmagyny dowam etdirýär. Sebitdäki iň uly Zaporožýe şäherini rus goşuny basyp alyp bilmedi. Russiýa raketa zarbalary barada kommentariý bermedi.

XS
SM
MD
LG