Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmede oturan rus syýasatçysy Hawel baýragyna mynasyp boldy


 Wladimir Kara-Murza 
 Wladimir Kara-Murza 

Türmä basylan rus oppozisiýa syýasatçysy Wladimir Kara-Murza Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň (PACE) Waslaw Hawel adyndaky adam hukuklary baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak her ýylda raýat jemgyýetiniň adam hukuklaryny goramak ugrunda eden işini hormatlamak üçin berilýär.

Baýrak 10-njy oktýabrda, Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assembleýasynyň Strasburgda açylan güýzki mejlisinde guralan ýörite dabarada, PACE-iň başlygy Tiny Koks tarapyndan Kara-Murzanyň aýaly Ýewgeniýa Kara-Murza gowşuryldy.

Kommunizm darganyndan soň Çehiýanyň prezidenti bolan öňki dissidentiň we dramaturgyň adyny göterýän baýrak Kara-Murza Russiýanyň hukuk topary “Memorial” geçen hepde şu ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň egindeş eýesi diýlip yglan edileninden soň berildi.

"Şu günki günde Russiýada iş başyndaky häkimiýete garşy durmak üçin ägirt uly batyrgaýlyk gerek. Jenap Kara-Murza şu günki günde bu batyrlygy türme kamerasynda oturan ýerinden görkezýär" diýip, Koks aýty.

41 ýaşly syýasatçy aprel aýynda tussag edildi we polisiýa boýun egmezlikde aýyplanyp, 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Soňra ol ABŞ-nyň Arizona ştatynyň kanun çykaryjylary bilen gürleşende rus goşuny barada ýalan maglumatlary ýaýratmakda aýyplandy.

XS
SM
MD
LG