Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammitine gatnaşar


Merkezi Aziýa liderleri. Arhiw suraty
Merkezi Aziýa liderleri. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji oktýabrda Astanada “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammitine gatnaşmagyna garaşylýar diýip, Arzuw.news” neşiri Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Mundan öň türkmen prezidentiniň 15-nji oktýabrda Gazagystana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrjakdygy habar berlipdi.

Sammitiň dowamynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň prezidentleri alty taraply duşuşyk geçirip, dostlukly gatnaşyklaryň we strategiki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar diýip, habarda aýdylýar.

Şu aralykda, Azatlygyň Gazak gullugynyň maglumatyna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň saparynyň öňüsyrasynda Russiýanyň Almatydaky konsullygynyň daş işiginde protest çäresini geçirmekçi bolan dört aktiwist tussag edildi.

XS
SM
MD
LG