Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy öz web sahypasynda bildiriş çap edip, Türkmenistanyň raýatlarynyň Ukrainanyň çäginden çykmaklaryna çagyrylýandygyny habar berdi.
Ukrainanyň çäginde dowam edýän harby ýagdaý bilen baglylykda, şeýle-de onuň tutuş çäginde güýçlenýän raketa hüjümleri howpy sebäpli, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy häzirki wagtda Ukrainanyň çäginde ýerleşýän we daşary ýurtdan Ukraina sapar etmekçi bolýan türkmen raýatlarynyň ählisine ýüzlenýär diýip, bildirişde aýdylýar.
Şahsy howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlaryny goňşy ýurtlaryň üsti bilen Ukrainanyň çäginden çykmaga, şeýle-de onuň territoriýasynda harby ýagdaý düzgünleri ýatyrylýança Ukraina gitmekden saklanmaga çagyrýarys diýip, ilçihana Ukrainanyň goňşy ýurtlaryndan Türkmenistan ugry boýunça guralýan uçuşlar barada maglumat almak üçin özlerine, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna ýüz tutmagy maslahat berýär.
Bildirişde Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň telefon belgileri ( +38044 279-34-49, +38044 279-35-24), e-mail (embassy@ambturkm.org.ua.) hem ýerleşdirilipdir.
Türkmenistan, ozal hem habar berlişi ýaly, Ukrainada barýan uruş barada öz pozisiýasyny aýtmaýar we ilatyna adatça ne öňki sowet ýurtlarynda, ne goňşularynda bolýan aladaly wakalar hakynda habar berýär.