Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly futbolçy daşary ýurt klubyna çagyryldy

 Maýa Musatskaýa
Maýa Musatskaýa

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Maýa Musatskaýa Türkiýäniň "Dudullu spor" klubyna geçdi diýip, “Türkmenportal” Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna salgylanyp habar berýär.

Türkmen futbolçysy Stambuldaky futbol kluby bilen bir ýyllyk şertnama baglaşypdyr.

Aýal-gyzlar futbol kluby bolan "Dudullu spor" 2014-nji ýylda döredildi, Türkiýäniň Kadynlar Süper Ligasynda oýnaýar diýip, habarda bellenýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Musatskaýa Türkmenistandan daşary ýurt klubynyň hatarynda oýnamaga çagyrylan ilkinji futbolçy bolup durýar.

Ol ozal Aşgabatda futbol we futzal toparlarynda oýnapdyr we 2016-njy ýylda Türkmenistanyň milli futbol toparyna geçipdir.

XS
SM
MD
LG