Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Russiýa has köp pilotsyz uçar iberer

Kiýew. Eýranyň ilçihanasynyň ýanyndaky protestçiler
Kiýew. Eýranyň ilçihanasynyň ýanyndaky protestçiler

Tähran Moskwany Russiýanyň Ukrainada ulanýan pilotsyz uçarlaryndan başga, ýerüsti raketalar bilen hem üpjün etmäge razylyk berdi diýip, "Roýters" habar gullugy Eýranyň ýokary derejeli resmilerine we diplomatlaryna salgylanyp habar berdi.

Olaryň sözlerine görä, Eýranyň rewolýusiýa goragçylary korpusynyň we Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň wekilleri 6-njy oktýabrda Moskwa gelenlerinde, ýarag satmak we üpjün etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň aňtaw bölüminiň başlygy Kirill Budanow Moskwanyň birinji gezekde 1750 pilotsyz uçary sargyt edendigini aýtdy. Emma olaryň 70% -i Ukrainanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan urlup ýykyldy diýip, ol aýtdy. Budanowyň pikiriçe, Russiýanyň öz raketa ätiýaçlyklary tasdan gutarmak derejesine golaýlady.

"Soňra täze-täze sargytlar edildi, ýöne olaryň öndürilişiniň we Russiýa iberilişiniň tizligi, siziň düşünmegiňiz gerek, bu birsalymyň işi däl" diýip, Budanow sözüni dowam etdirdi. "Olar [rus goşunlary] bu ýaraglary ýuwaş-ýuwaşdan tükedýär, eýranlylar olar üçin täzelerini öndürýär...”

XS
SM
MD
LG