Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Giň gerimli” rus hüjümleri Ukrainanyň energiýa toruny nyşana alýar, millionlarça adam elektriksiz galdy

Riwne regiony, 22-nji oktýabr. Ýangyn söndürijiler iş başynda.
Riwne regiony, 22-nji oktýabr. Ýangyn söndürijiler iş başynda.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 22-nji oktýabrda giçlik eden wideo ýüzlenmesinde Russiýanyň Ukrainanyň raýat energiýa ýerlerine täze, “giň gerimli” raketa zarbalaryny urup, ýurt boýunça uly elektrik kesilmesine sebäp bolandygyny aýtdy. Moskwa öz güýçleriniň soňky 24 sagadyň dowamynda Ukrainanyň energiýa we harby infrastrukturasyna garşy amala aşyrýan hüjümlerini dowam etdirendigini aýtdy.

Ukrain häkimiýetleri tutuş ýurt boýunça 1,5 milliona golaý maşgalanyň elektriksiz galandygyny aýtdy.

Emma Zelenski rus raketalarynyň we pilotsyz uçarlarynyň köpüsiniň urlup ýykylandygyny aýtdy we ukrain goşunynyň 22-nji oktýabrda howadan we deňizden atylan 33 sany ganatly raketanyň 18-siniň urup gaçyrandygy barada biraz öň aýdan sözlerini gaýtalady.

“Elbetde, Russiýanyň atýan raketalarynyň we pilotsyz uçarlarynyň ählisini, 100% urup ýykmak üçin entek ýeterlik derejede tehniki mümkinçiligimiz ýok. Emma men ýuwaş-ýuwaşdan, hyzmatdaşlarymyzyň kömegi bilen, şeýle mümkinçilige eýe boljakdygymyza ynanýaryn” diýip, prezident aýtdy.

Russiýa soňky iki hepdäniň dowamynda Ukrainanyň elektrik stansiýalaryna, suw üpjünçilik ulgamlaryna we beýleki möhüm infrastruktura desgalaryna garşy urýan zarbalaryny ep-esli derejede güýçlendirdi.

Soňky urlan zarbalarda ýurduň günbataryndaky Hmelnitski we Lutsk sebitleri, merkezi şäher Uman nyşana alyndy.

Uruşdan ozal 275,000 töweregi adamyň ýaşaýan ýeri bolan Hmelnitski, ýerli metbugatyň 22-nji oktýabrda habar beren birnäçe partlamasyndan soň, sebit resmileriniň aýtmaklaryna görä, toksuz galdy.

Uruşdan ozal 100,000 töweregi ilaty bolan Uman hem golaýdaky elektrik desgasyna urlan raketa zarbasyndan soň, durşuna garaňkylyga gaplandy.

215,000 adamly Lutsk şäherine atylan rus raketalary bu ýerdäki energiýa desgalaryna gelip uranyndan soň, elektrik togy bölekleýin öçürildi diýip, ýerli resmiler habar berdi.

Hmelnitskidäki we Lutsk şäherindäki häkimiýetler ýaşaýjylary, kesilmek ähtimallygy sebäpli, suw alyp goýmaga çagyrdy.

Günortadaky Odesadan, merkezi Dnipro şäherinden we ýurduň günorta-gündogaryndaky Zaporižýa şäherinden hem täze urlan howa zarbalary, elektrik togunyň kesilmeleri baradaky habarlar gelip gowuşdy.

Milli energiýa kompaniýasy “Ukrenerho” ukrainalylaryň ählisini energiýa tygşytlamaga çagyrmagyny dowam etdirýär.

Zelenski 22-nji oktýabrda eden çykyşynda häkimiýetleriň hüjüm netijesinde togy kesilen sebitleriň birnäçesinde elektrik energiýasyny dikeltmegi başarandygyny aýtdy.

"Terrorçylaryň esasy nyşanasy energiýa boldy" diýip, ol aýtdy.

Paýtagt Kiýewde we onuň töweregindäki sebitlerde, elektrik togunyň azalmagyna jogap çäresi hökmünde, 22-nji oktýabrda togy kesip, bölekleýin bermek düzgüni güýje girdi.

Russiýa Ukrainanyň raýat infrastruktura desgalaryna edýän hüjümlerini güýçlendireninden soň, ukrain resmileri ýurduň elektrik energiýasy ulgamlarynyň 40 göterimine uly zeper ýetendigini aýtdylar.

Zelenski mundan öň Russiýanyň 10-njy oktýabrdan bäri urýan zarbalary netijesinde ýurduň elektrik stansiýalarynyň 30 göteriminiň ýok edilendigini aýdypdy.

Premýer-ministr Denis Şmyhal raketa we pilotsyz uçar zarbalarynyň güýçlenmegi netijesinde, Ukrainadan çykmaga çalyşýan bosgunlaryň täze akymynyň dörejekdigini duýdurdy.

"Eger bu ýerde elektrik bolmasa, Ukrainada indiden aňryk ýyladyş hem bolmaz, suw hem bolmaz, bu täze migrasiýa tolkunyna sebäp bolup biler" diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 23-nji oktýabrda Ukrainanyň merkezi Çerkasi sebitindäki uly ok ammaryny ýok edendigini aýtdy. Ministrligiň habaryna görä, ol ýerde ukrain howa güýçleri üçin 100,000 tonnadan gowrak awiasiýa ýangyjy saklanýardy.

Şeýle-de ministrlik özüniň gündelik habarynda rus güýçleriniň Ukrainanyň günortasynda we gündogarynda, front liniýalarynyň boýunda ukrainalylaryň garşylyklaýyn hüjümlerini yzyna serpikdirendiklerini aýtdy. Emma bu aýdylýanlaryň hiç birini garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Moskwanyň Ukrainanyň konfliktde "hapa bomba" ulanyp biljekdiginden alada galýandygyny aýtdy, ýöne bu aýdylýan “wehimi” tassyklaýan subutnama getirmedi.

Şoýgu bu sözleri 23-nji oktýabrda fransuz kärdeşi Sebastien Lekornu bilen eden telefon söhbetdeşliginde aýtdy diýip, rus mediasy habar berdi.

Şoýgu Ukrainadaky ýagdaýyň örän uly tizlikde ýaramazlaşýandygyny we "gözegçiliksiz eskalasiýa” ýykgyn edýändigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG