Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti harby okuw-meýdan türgenleşiginiň geçişini synlady

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow  türgenleşigiň geçişini synlaýar.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow türgenleşigiň geçişini synlaýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurduň Ýagarly güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde bilelikde geçirilen harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady.

Bu türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot açyş urgulary hem-de goşunlaryň taktiki hereketleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite ekranlarda görkezildi diýip, TDH ýazýar.

Habarda türgenleşige «Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçaryň hem ilkinji gezek gatnaşdyrylýandygy bellenýär.

Şeýle-de, gözden geçirilişiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryndaky asmana atyjy raketa toplumynyň häzirki zaman görnüşleriniň biriniň mümkinçilikleri görkezildi. Ol güýçli elektron päsgelçilik şertlerinde toparlaýyn hüjümleriň garşysyna uçarmansyz uçarlary, reaktiw uçarlary, dikuçarlary, şeýle hem howa-ýer we ganatly raketalary, takyk dolandyrylýan bombalary ýok etmek üçin niýetlenen.

Türgenleşikde «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri, kämil derejede enjamlaşdyrylan “Deňiz han” korwet gämisi görkezildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň ýokary derejede guralandygyny aýtdy we soňra deňiz okuw-türgenleşik merkeziniň çäginde görkezilýän harby söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady, olaryň hatarynda iň täze nusgadaky uçarlar, uçarmansyz uçarlar hem bar diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat habar berýär.

Şeýle-de habarda, soňky ýyllarda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler netijesinde, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň, kuwwatynyň pugtalandyrylandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG