Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, Gruziýa arasynda uçar gatnawyny açmak şertnamasy güýje girdi


Hökümetçi neşir Türkmenistan bilen Gruziýanyň (Gürjüstanyň) arasynda ilkinji gezek göni uçar gatnawynyň ýola goýuljakdygyny aýdýar, ýöne uçarlaryň haçan uçup başlajgyny anyklaşdyrmaýar.

Habarda aýdylmagyna görä, gürji parlamenti iki ýurduň hökümetleriniň “Howa aragatnaşygy barada” şu ýylyň 20-nji iýulynda baglaşan şertnamasyny tassyklady we Aşgabat bilen Tbilisiniň göni uçuşlara başlamagyna mümkinçilik berýän ylalaşyk güýje girdi.

Resminama laýyklykda, Gruziýa (Gürjüstan) we Türkmenistan birek-biregiň howa giňişliginde uçuşlary amala aşyrmak, ýolagçylary we ýükleri daşamak hukugyny aldylar.

Iki ýurduň awiakompaniýalary birek-birekde petek (bilet) satuw ofislerini açmak we petek satmak hukugyna eýe, täze gatnaw ýakyn geljekde ýola goýlar diýip, habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG