Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ukrain nyşanalaryna has köp zarba urýar, Moskwa Hersonda söweşe taýýarlanýar


Ukrain esgeri ruslaryň gazan garymyny barlaýar.
Ukrain esgeri ruslaryň gazan garymyny barlaýar.

Ýaragly güýçleriniň hersonda, strategiki günorta sebitde söweşe taýýarlanmagy bilen, Russiýa Ukrainanyň çar künjegindäki nyşanalara zarba urmagyny dowam etdirýär, parahat ilata zyýan ýetirýär we öldürýär diýip, ukrain resmileri we harbylar aýdýar.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 26-njy oktýabr güni irden bir gün öň urlan rus zarbalarynda 40-dan gowrak ilatly nokadyň nyşana alnandygyny aýtdy.

Baş ştabyň irden beren hasabatynda bellenmegine görä, Russiýa ukrain desgalaryna hem howadan, hem raketalar, top oklary bilen zarba urdy.

Merkezi Dnipro şäherinde rus bombalamalary netijesinde azyndan iki adam, şol sanda bir göwreli aýal öldürildi diýip, sebit häkimi Walentin Rezniçenlo aýtdy.

Rus güýçleri günortadaky Herson şäherinde özleriniň "iň agyr söweşlerine" taýýarlanýar diýip, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň geňeşçisi Oleksiy Arestowiç aýtdy.

Ukrainanyň eden garşylykly hüjümleri sekiz aý mundan ozal, Ukraina çozuşyň ilkinji günlerinden bäri paýtagty ruslaryň gözegçiliginde bolan Herson sebitindäki rus güýçlerini yza çekilmäge mejbur etdi.

"Herson babatynda ähli zat düşnükli. Ruslar bu ýerdäki toparlarynyň üstüni ýetirýärler, olary güýçlendirýärler" diýip, Arestowiç 25-nji oktýabrda çap edilen onlaýn wideosynda aýtdy.

Rus güýçleriniň garym baryny gazyp, şäheri goramaga taýýarlanýan wagtynda, Russiýa tarapyndan bellenen häkimiýetler Dnieper derýasynyň gündogar kenaryndaky ýaşaýjylary ewakuasiýa edýär diýip, ol aýtdy.

"Bu hiç kimiň yza çekilmäge taýýarlanmaýandygyny aňladýar. Muňa derek, Herson üstünde iň agyr söweşler bolar".

Zelenski 25-nji oktýabrda Herson şäherini yzyna almak wadasyny gaýtalady. Bu şäheriň ýitirilmegi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin üçin uly ýitgi bolar öýdülýär.

XS
SM
MD
LG