Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanun çykaryjy Tbilisidäki öýünde öli tapyldy


Irakli Hakhubia
Irakli Hakhubia

Häkimiýet başyndaky “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasynyň kanun çykaryjysy Irakli Hakubia Tbilisidäki öýünde, gapdalynda ýatan tüpeň bilen, öli tapyldy.

Bu ýerde bir bilinmeýän oýnuň oýnalan bolmak ähtimallygy düýbünden aradan aýrylmady, ýöne Içeri işler ministrligi 27-nji oktýabrda Azatlyk radiosynyň Gürji gullugyna Hakubianyň ölümi boýunça derňew işiniň geçirilendigini, onuň öz-özüni öldüren bolmagynyň mümkin hasaplanylýandygyny aýtdy.

Habar beriş serişdeleri 51 ýaşly kanun çykaryjynyň 2017-nji ýylda polisiýadan gaçyp gutulmakçy bolanda, ýol hadysasynda ýogalan 21 ýaşly ogly Beka Hakubiany ýitireli bäri saglyk meselesiniň bolandygyny habar berdiler.

2019-njy ýylda iki sany polisiýa işgäri Beka Hakubianyň ölümine sebäp bolan hadysa bilen baglylykda öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapyldy we 2 ýarym we 1 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edildi.

XS
SM
MD
LG