Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki prezident Lula da Silwa Braziliýanyň prezident saýlawynda ýeňiş gazandy

 Luiz Inasio Lula da Silwa
Luiz Inasio Lula da Silwa

Braziliýanyň öňki prezidenti Luiz Inasio Lula da Silwa prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda häzirki prezident Žair Bolsonarodan üstün çykdy. Saýlaw netijeleri Ýokary saýlaw kazyýetiniň web sahypasynda çap edildi.

Habar çap edilende sesleriň 99 göterimi sanalypdy. Lula da Silwa sesleriň 50,8%-ni ses aldy. Bolsonaro - 49,2% ses aldy. Ses berişlige gatnaşygyň 80%-e golaý bolandygy habar berilýär.

Çepçi Işçiler partiýasynyň esaslandyryjysy, 77 ýaşly Lula da Silwa, 1989, 1994 we 1998-nji ýyllarda eden üç şowsuz synanyşygyndan soň, 2003-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli Braziliýa ýolbaşçylyk edip, iki prezident saýlawynda ýeňiş gazandy.

2018-nji ýylda ol korrusiýa aýyplamasynda aýyplanyp, günäli tapylandan soň, üçünji möhlete dalaş edip bilmedi. Geçen ýylyň mart aýynda oňa garşy çykarylan korrupsiýa hökümi ýatyryldy.

XS
SM
MD
LG