Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri bilen gepleşik geçirip, iki ýurduň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän konfliktiň çözülmegine ýol açmaga synanyşdy, ýöne bu meselede öňegidişligiň bolmandygyny aýtdy.
31-nji oktýabrda Russiýanyň Gara deňiz kenaryndaky Soçi şypahanasynda bolan duşuşyk, kawkazly goňşularyň arasynda 2020-nji ýyldaky ganly söweşden soň ýüze çykan iň erbet çaknyşykdan bir aý soň boldy.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen geçirilen duşuşyklardan soň Putin gutarnykly parahatçylyk şertnamasyna gelmäge böwet bolýan meseleleriň saklanyp galýandygyny aýtdy, ýöne hiç bir jikme-jik zat aýtmady.
Emma muňa garamazdan, ol geçirilen gepleşikleri “örän peýdaly” diýip häsiýetlendirdi.
Gepleşiklerden soň çap edilen bilelikdäki beýanatda iki tarapyň güýç ulanmakdan saklanmaga, birek-biregiň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we serhetleriň eldegrilmesizligine hormat goýmaga esaslanýan gepleşik geçirmek wadasyny berendigi aýdylýar.
Şeýle-de beýanatda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň gatnaşyklary kadalaşdyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, öz sebitleriniň howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üçin tagalla etjekdigi aýdylýar.