Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ilata dekabrda geçiriljek ilat ýazuwy barada SMS iberýär


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Şu gün Aşgabadyň ýaşaýjylaryna SMS-habar ýollap, öňde duran ilat ýazuwy barada habar berdiler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” öz ýerli habarçylaryna salgylanyp ýazýar.

Ilat ýazuwy 17-nji dekabrdan 27-nji dekabra çenli aralykda geçiriler we Türkmenistanyň ilaty we ýaşaýyş jaý gory dola hasaba alnar.

Döwlet statistika komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhamedow hökümetiň 10-njy oktýabrda geçirilen maslahatynda prezident Serdar Berdimuhamedowa öňde duran we “Jebislik, Bagt we Ýagty geljek” şygary astynda geçiriljek ilat ýazuwyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Öňki ýyllarda ýurduň ilat sanynyň depginli ösýändigini öňe süren türkmen häkimiýetleri 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini yglan etmedi.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleriniň 2019-njy ýyldaky maglumatlaryna görä, soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adam Türkmenistany terk edipdir.

"Döwlet statistika komitetiniň köp wagtlap ýygnan ýapyk informasiýasyna görä, 2008-2018-nji ýyllaryň aralygynda ýurduň daşyna 1 million 879 müň 413 adam hemişelik ýaşamaga ýa-da işlemäge gidipdir, bu kategoriýanyň tas ählisi yzyna dolanmaýar" diýip, çeşmelerimiziň biri 2019-njy ýylyň maýynda aýtdy we bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygyny belledi.

Çeşmämiziň sözlerine görä, bu agzalan san 2019-njy ýylyň başyna degişli ýagdaýy görkezýär.

XS
SM
MD
LG