Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident hukugy goramagyň möhümdigini aýdyp, sanly ulgamy işjeň ulanmaga çagyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine seretdi, emma hiç hili tankydy bellik etmedi.

Prezident hasabatlary diňläp, “hukugy goramagyň hem-de kanunylygy üpjün etmegiň möhüm döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň eýeleýän ornuny” belledi, “bu edaranyň işgärleriniň üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmelidiklerini, giň dünýägaraýşa we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemek başarnygyna eýe bolmalydyklaryny nygtady.”

Şeýle-de, TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, döwlet baştutany “sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly bu edaranyň işini kämilleşdirmek baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyryp, Baş prokurora anyk görkezmeleri berdi.”

Türkmenistanda kanunçylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi diýip, habarda aýdylýar.

“IIM-niň hemme düzüm bölümlerinde sanly ulgamy ulanmak, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda çykyş edýär” diýip, prezident içeri işler ministrine hem “degişli görkezmeleri” beripdir.

Mundan başga, mejlisde kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek zerurlygy hakynda hem gürrüň edilipdir.

Azatlyga Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň ýüz urýan bikanun işleri, köçede durup, sürüjilerden para almakdan başlap, adam ölümine sebäp bolan jenaýat işleriniň hem açyk we doly derňelmezligi barada maglumatlar gelip gowuşýar. Emma hukuk edaralary žurnalistleriň bu meseleler barada iberýän ýazmaça soraglaryna hem, telefon jaňlaryna hem hiç hili jogap bermeýärler.

XS
SM
MD
LG