Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ady aýdylmaýan türkmen telekeçisi biržada 7,4 million manatlyk süýüm satyn aldy

Pagtaçy çagalar. Arhiw suraty
Pagtaçy çagalar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda, beýleki ýerli önümler bilen bir hatarda, gysga süýümli pagta hem satyldy.

“Biznes Türkmenistan” neşiriniň 3-nji noýabrda beren habaryna görä, türkmen telekeçisi 7,4 million manatdan gowrak pul töläp, gysga süýümli pagtanyň dürli görnüşleriniň 430 tonnadan gowragyny satyn aldy.

Emma habarda bu telekeçiniň ady, gysga pagta süýüminiň nähili nyrhlardan satylandygy aýdylmaýar.

Mundan öň TDHÇMB-nyň söwdalarynda türkmen pagta önümlerini daşary ýurtly telekeçileriň alýandygy habar berlipdi.

Habarda aýdylmagyna görä, geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 2 million 365 müň ABŞ dollaryna golaýlady.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Türkiýäniň we Serbiýanyň işewürleri bolsa nah ýüplügini we buýan köküniň erginini satyn aldylar.

Türkmenistanda pagta esasan mejbury zähmeti ulanmak bilen ýetişdirilýär we daýhanlardan juda arzan bahadan satyn alynýar diýip, hökümet tankytçylary aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG