Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetýaka sebitlerde ýaşaýan türkmen we özbek halklarynyň özara gelim-gidimini näme çäklendirýär?


Arhiw suraty. Türkmen - özbek gümrük geçelgesi.
Arhiw suraty. Türkmen - özbek gümrük geçelgesi.

Dünýä Türkmenleriniň geçen sanlarynyň biri, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ysnyşýan gatnaşyklara, türkmen – özbek gatnaşyklarynyň täze hronologiýasyna gönükdirildi. Bu sanymyz iki ýurduň serhet sebitlerinde ýaşaýan türkmen we özbek azlyklarynyň meselelerine bagyşlanýar.

Ýaňy-ýakynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana sapar etdi. Saparyň dowamynda iki ýurduň hökümetleri özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda ylalaşdy.

Programmamyzyň nobatdaky sany iki ýurduň serhet ýakalarynda ýaşaýan halklaryň gündelik durmuşyna, olaryň syýahat çäklendirmeleri bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna ünsi çekmegi maksat edinýär.

Dünýä Türkmenleri bu tema boýunça BBC-niň Özbek gullugynyň žurnalisti Ibrat Safo bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Serhetýaka sebitlerde ýaşaýan türkmen we özbek halklarynyň özara gelim-gidimini näme çäklendirýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Azatlyk Radiosy: Mälim bolşy, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 21-nji oktýabrda resmi sapar bilen Türkmenistanda boldy. Häzirki wagtda özbek hökümeti bilen türkmen hökümetiniň arasyndaky gatnaşyklar, şeýle-de özbek halky bilen türkmen halkynyň arasyndaky gatnaşyklar nähili ýagdaýda?

Ibrat Safo: Birinjilik bilen, döwletara gatnaşyklar barada gürrüň etsek, meniň pikirimçe bu gatnaşyklar hemişekisinden hem ýagşy ýaly bolup görünýär. Sebäbi, bu soňky birnäçe aýyň içinde iki tarapyň arasynda amala aşyrylan dördünji resmi sapar boldy. Türkmenistanyň prezidenti [Serdar Berdimuhamedow] hem Özbegistana gelip gitdi. Özbegistanyň prezidenti [Şawkat Mirziýoýew] hem, ynha, Türkmenistana bardy. Öňki prezident [Gurbanguly Berdimuhamedow] hem resmi sapar bilen Özbegistana gelip gidipdi. Şol döwürlerde Özbegistanyň prezidenti hem Türkmenistana barypdy. Diýmek, özara resmi saparlar amala aşyrylyp dur. Döwletleriň arasynda dostlukly hyzmatdaşlyk etmäge islegiň bardygy bilinýär.

Halklaryň arasyndaky gatnaşyklar barada aýtsak, bu meselede özgerişleriň bardygyny görmek kyn. Halklaryň arasynda heniz hem birek-biregiňkä görme-görüşlige barmak, dogan-garyndaşlaryň biri-birlerini baryp görmegi juda kynçylykly bolmagynda galýar. Meselem, serhediň Daşoguz tarapyndaky we Horezm tarapyndaky dogan-garyndaşlar, serhediň boýundaky adamlar indi ençeme ýyllardan bäri, has takygy 2002-2003-nji ýyllardan bäri, birek-biregiň toý-märekelerine, ýa-da ýas çärelerine arkaýyn gatnaşyp bilmeýär. Sebäbi, wiza almak aňsat däl. Meselem, Daşoguzdakylar Özbegistana geçmek üçin, Aşgabada baryp, Özbegistanyň ilçihanasyndan wiza almaly. Özbegistandakylar bolsa, Daşkende baryp, Türkmenistanyň ilçihanasyndan wiza almaly bolýar. Şol bir wagtda, bu arzan däl. Meselem, Türkmenistandan wiza almagyň bahasy 150 dollar diýýärler. Ony almak üçin hem bir topar wagt gidýär. Pandemiýa döwründe bu ýagdaýyň has-da çäklendirilendigi aýdyldy. Meselem, Türkmenistandan Özbegistana bir aýda 30 adamyň geçmegine rugsat berlipdir. Munuň üçin hem, nobata garaşmaly ekeni. Häzirki wagtda bu ýagdaý nähili özgerdi, habarym ýok, ýöne ýaňy-ýakynda sorag-ideg edenimde şulary aýdypdylar. Ynha, heniz hem şular ýaly kynçylyklar bar. Indi, iki tarap bu meseläni nä derejede çözmäge bil baglaýar, nä derejede çözmekçi bolýar, meniň pikirimçe, Özbegistan tarapy bu meseläniň çözülmegine has köp bil baglaýar, has köp makullaýar. Sebäbi, prezident Mirziýoýew goňşy döwletler bilen aradaky serhetleriň açylmagyny özi üçin möhüm meseleleriň hatarynda görýär. Ol belli bir derejede muny gazandy. Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen şeýle boldy. Ýöne Türkmenistanda bilen serhetleri açmak meselesi kynlygynda galýar.

Azatlyk Radiosy: Iki ýurduň serhet sebitleriniň arasynda wiza düzgüni nähili, wizasyz syýahat düzgüni barmy?

Ibrat Safo: Iki ýurduň arasynda wizasyz syýahat düzgüni ýok, wiza almak zerur bolup durýar. Aýdyşym ýaly, öňler şeýle ýagdaýlar bolýardy, meselem, öňler serhetlerde özüniň ýörite proseduralary bardy, şony berjaý edip geçip bolýardy, ýöne häzirki wagtda serhetden geçmek üçin paýtagta baryp, ilçihanadan wiza almaly bolýar. Bu bolsa aňsat iş däl. Wiza almagyň şertleri, tertibi barada takyk jikme-jiklikleri anyk bilmedim, ýöne maňa ýaňy-ýakynda gürrüň bermeklerine görä, wizanyň tölegi 150 dollar diýýärler. Bu wizanyň möhletiniň näçeräkdigini bilmedim. Daşoguzdan kimdir biri Horezme geçmekçi bolsa, olar Aşgabada baryp, Özbegistanyň ilçihanasyna ýazylyp, şol ýerde arza tabşyryp, şondan soň wiza almaly bolýar. Wiza almak üçin näçeräk wagt gerek, ony hem bilmedim. Ýöne şu meseläniň özi kynçylyk döredýär, oňa näçe wagt gidýäniniň tapawudy ýok. Siz Horezmiň ýanynda bolup, özbek wizasyny almak üçin Aşgabada gitmeli bolsaňyz, ýa-da Horezm tarapynda, Şabatda ýaşap, türkmen wizasyny almak üçin Daşkende barmaly bolsaňyz, bu adamlar üçin örän uly kynçylyk döredýär.

Arhiw suty. Türkmen - özbek serhet geçelgesi.
Arhiw suty. Türkmen - özbek serhet geçelgesi.

Azatlyk Radiosy: Iki ýurduň liderleri ýaňy-ýakynda Özbegistanyň Horezm welaýaty bilen serhetleşýän Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda söwda bazarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu bazaryň iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigi aýdylýar. Şu bazaryň geljegine nähili garaýarsyňyz?

Ibrat Safo: Köp adam muňa örän uly umyt bilen garaýar. Serhetde öňden bäri bazar örän gyzgalaňly bolýardy, ysnyşykly söwda gatnaşyklary bolýardy. Örän köp sanly horezm ýaşaýjylary Daşoguzyň bazaryna barýardy. Meniň ýaşlyk döwürlerimde ýadyma düşýär, iň gowy bazar Daşoguzda bolýardy, Daşoguzyň bazaryna gidilýärdi. Serhetler ýapylandan soňra, serhediň özünde, ýagny serhediň iki tarapynda bazarlar emele geldi. Horezm tarapynda Manok obasy bardy, häzir Özbegistan obasy diýilýär, ynha şol ýerde ullakan bazar bolardy, giň açyk meýdanda bazar bolardy. Şol bazarlar hem häzir ýok edildi. Hiç zat ýok ol ýerlerde häzir. Bu bolsa serhet sebitleriniň ýaşaýjylary üçin ykdysady jähtden örän uly zyýan ýetirdi. Sebäbi baryş-geliş bolup dursa, söwda bolup dursa, bu hemmelere-de peýda getirýär. Meselem, adamlar bir ýere barýan bolsalar, ýolda säginip, bir ýerde nahar iýýärler, bu restoran açýan adamlar üçin girdeji bolýar, ýa-da bolmasa dükanlar bolýar. Baryş-geliş, söwda bolup duran döwürlerinde, köp adam munuň üstünden gowy gün görýärdi. Ýöne häzir bu zatlar bes edileni üçin, ýagdaý ýaramazlaşdy.

Indi, häzir iki prezident iki ýurduň arasyndaky bitarap zonada, Özbegistan serhetde bazar açmak üçin, söwda zolagyny açmak üçin bazaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşypdyrlar. Men horezmli ýaşaýjylyar bilen bu barada gürrüňdeş boldum, olar bu täzelikden örän hoşal bolýarlar. Çünki, mundan beýläk, garyndaşlar wiza alyp bilmeseler hem, iň bolmanda, Daşoguzdaky garyndaşlaryny indi bazarda göreris, bitarap zonada görüşeris, bazarda duşuşarys diýýärler. Berdimuhamedow bilen Mirziýoýew baryp, özleri düýbüni tutupdyrlar. Indi bir zatlar bolar diýip, umyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG