Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirzoýoýew bilen TDG sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdy


Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen. Arhiw suraty
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birinji gün Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşip, Türk döwletleri guramasynyň şu hepdäniň aýagynda Samarkantda geçiriljek sammitiniň gün tertibi hakynda maslahat etdi diýip, “Oreint” neşiri özbek prezidentiniň resmi web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de, söhbetdeşler türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk beýläk hem ösdürmegiň möhüm meselelerine garadylar.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu sentýabr aýynyň başynda Türk döwletleri guramasynyň Samarkantda geçiriljek sammitinde Türkmenistanyň hem bu guramanyň doly derejeli agzasy boljakdygyny aýtdy diýip, habarda aýdylýar.

Emma häzir TDG-nyň synçy agzasy bolup durýan Türkmenistan bu meselede öz resmi pozisiýasyny şu wagta çenli aýan etmedi.

XS
SM
MD
LG