Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew Russiýanyň gündogarda agyr ýitgi çekýändigini, ogurlyk edýändigini aýdýar

Hersonda azat edilen oba
Hersonda azat edilen oba

Kiýew güýçleri Russiýanyň Donbasdaky hüjümleriniň ençeme tolkunyny yzyna serpikdirdi diýip, ukrain harbylary 8-nji noýabrda aýtdy, prezident Wolodymyr Zelenski bolsa ruslaryň gündelik edýän hüjümlerinde çekýän agyr ýitgileriniň Moskwanyň hüjüm strategiýasyndaky "däliligi" görkezýändigini belledi.

Ukraina Russiýany ýurduň günortasyndaky Herson şäherinde, Moskwanyň sebäpsiz başlan urşunyň başynda synan şäheri ukrainlaryň yzyna almak üçin edýän garşylykly hüjümine garaşyp, eýesiz galan jaýlary talamakda we olary raýat eşigini geýen esgerlerden doldurmakda aýyplady.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby gündelik habarynda gündogardaky rus goşunlarynyň soňky hepdelerde Moskwanyň Donetskdäki hüjüminiň merkezine öwrülen Bahmut, Awdiýewka we Nowopawliwka edýän hüjümlerini dowam etdirendigini aýtdy.

Zelenski 7-nji noýabrdaky wideo ýüzlenmesinde Donetsk sebitindäki aldym-berdimli söweşleri "basyp alyjylaryň iň uly däliliginiň örküji" diýip atlandyrdy. Zelenski bu söweşlerde olaryň "her gün ýüzlerçesiniň ölýädnigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG