Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: "Talyban" Owganystany "agyr" ýagdaýa saldy


BMG-niň Owganystan sammitine gatnaşyjylar
BMG-niň Owganystan sammitine gatnaşyjylar

BMG-niň Baş Assambleýasy 10-njy noýabrda “Talybany” owgan aýal-gyzlarynyň adam hukuklaryny bozmakda, wekilçilikli hökümet gurup bilmezlikde we ýurdy “agyr ykdysady, ynsanperwer we sosial şertlere” salmakda aýyplaýan karary kabul etdi.

Mundan başga, kararda “Talyban” häkimiýet başyna geçeli bäri geçen 15 aýyň dowamynda bolann zorlukly hadysalar, “Al-Kaida” we “Yslam döwleti” ýaly terrorçy toparlaryň, olaryň bölümleriniň, şeýle-de “daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň” ýurtda hereket edýändigi hem bellenip geçilýär.

Neşe serişdelerine garşy girizen gadagançylygyna garamazdan, "Talyban" Owganysatnda öndürilýän neşe maddalarynyň goňşy ýurtlara, dünýä salýan howpuny hem azaldyp bilmedi.

Muňa derek, BMG-niň maglumatyna görä, 2022-nji ýylda 'Talyban" dolandyryşy astyndaky Owganystanda tirýek önümçiligi 32% ýokarlandy.

BMG-niň Neşe maddalaryna we jenaýatçylyga garşy göreş edarasynyň 1-nji noýabrda çap edilen ýyllyk hasabatynda aýdylmagyna görä, “Talyban” aprel aýynda tirýek ösdürip ýetişdirmegi gadagan edeli bäri, bu ýurtda satylýan tirýegiň bahasy hem ýokarlandy.

Daýhanlaryň girdejileri öňki ýyldakydan üç esse köp bolup, 2022-nji ýylda 1,4 milliard dollar boldy.

Bu soňky ýyllarda tirýek önümçiliginiň “iň girdejili bolan ýyly” bolýar.

XS
SM
MD
LG