Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Aýdyňlyk döwründe düşürilen türkmen filmleri edebi erkinligi, durmuş reallygy bilen tapawutlanýar'


"Üýtgedip gurmak syýasaty ýyllaryndan ozalky türkmen kinolary hakynda gürrüň edilende, olaryň juda köp ýagdaýda syýasy galyba, kommunistik partiýanyň ideologiýasyna kybaplaşdyrylandyklaryny boýun almak gerek. Hususan-da, bu hal taryhy we terbiýeçilik ähmiýetli kinolarda kändi"
"Üýtgedip gurmak syýasaty ýyllaryndan ozalky türkmen kinolary hakynda gürrüň edilende, olaryň juda köp ýagdaýda syýasy galyba, kommunistik partiýanyň ideologiýasyna kybaplaşdyrylandyklaryny boýun almak gerek. Hususan-da, bu hal taryhy we terbiýeçilik ähmiýetli kinolarda kändi"

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany ýene bir gezek türkmen kino sungatynyň geçen ýoluna nazar aýlamaga synanyşýar.

Geçen aý Aşgabatda “Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artistleri” atly iki jiltlik ensiklopedik kitap çap edildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berdi.

Habardan mälim bolşuna görä, kitabyň birinji tomy ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda döredilen teatrlaryň taryhy we şu güni barada maglumat berýär. Kitabyň ikinji jildi sungat öwrenijileriň, multiplikatorlaryň, teatr we kino režissýorlarynyň, operatorlarynyň, türkmen dramaturglarynyň, kompozitorlarynyň, kino we sirk artistleriniň terjimehallaryny öz içine alýar.

Kitap heniz elektron görnüşde elýeterli däl. Döwlet metbugaty bu kitap bilen ýurduň kitaphana gaznalarynyň üstüniň dolunandygyny aýdýar.

Türkmenistanda täze ensiklopediýanyň çap edilmeginiň fonunda, Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany ýene bir gezek türkmen kino sungatynyň geçen ýoluna nazar aýlamaga synanyşýar.

'Aýdyňlyk döwründe düşürilen türkmen filmleri edebi erkinligi, durmuş reallygy bilen tapawutlanýar'
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Türkmenistanda kinematografiýanyň 100 golaýlap barýan, üzlem-saplam, ýöne şol bir wagtda çarkandakly taryhy bar.

Türkmenistanda ilkinji gezek Sowetler döwrüniň irki ýyllarynda, 1920-nji ýyllaryň ortalarynda “Aşgabat kinofabrikasynyň” düýbi tutuldy. Sowetler döwründe kino industriýasy esasan häkimiýetler tarapyndan propaganda we agitasiýa guraly hökmünde ulanyldy. Türkmenistanda surata düşürilen ilkinji kinolar gysga hronometražly bolup, olarda bolşewik propagandasy tomaşaçylara ýetirilýärdi.

Irki hronologiýa

Metbugat arhiwlerinden ýygnalan materiallar esasynda türkmen kinosynyň irki hronologiýasy:

  • 1926-njy ýylda Aşgabatda ilkinji gezek kinolar görkezilip başlanýar. Aşgabat kinofabrikasynyň düýbi tutulýar.
  • 1928-nji ýylda “Özbekkino” bilen bilelikde “Ak altyn” we “Gül we Italmaz” kinofilmelerini surata düşürmek üçin synanyşyk edilýär.
  • 1929-njy ýylda “Ak altyn” atly ilkinji çeper film Aşgabatda ekranlara çykýar. Ýörite wagyz ediji toparlar obalara we şäherlere aýlanyp bu film bilen ýerli ilaty tanyş edýärler.
  • 1931-nji ýylda Dmitriý Poznanskiýniň “Unutmak bolmaýar” atly ilkinji doly metražly çeper kinosy Aşgabatda tomaşaçylara ýetirilýär.
  • 1936-njy ýylda Aşgabatda milli kinofilmler ilkinji gezek sesli çykarylyp başlanýar. Şol ýylda rus kinorežissýorlarynyň ýolbaşçylygynda düşürilen “Ýedi ýürekdeş”, “Umbar” we “Dursun” atly çeper filmleri Aşgabatda kino söýüjiler bilen tanyşýar.
  • 1938-nji ýylda meşhur kinofilmler türkmen diline terjime edilip başlanýar we kinofilmler türkmen diline tomaşaçylara ýetirilip başlanýar.
  • II Jahan urşy başlamazdan ozal, Aşgabadyň kinostudiýasynda ýerli aktýorlaryň we aktrisalaryň gatnaşmagynda ençeme kinofilmler surata düşürilýär.
  • 1948-nji ýylda, Aşgabat ýer titremesinden iki aý ozal, “Uzakdaky gelinlik” atly ilkinji türkmen kinokomediýasy surata düşürilýär. Bu kinofilmde Alty Garlyýew baş rolda oýnaýar.
  • 1958-nji ýylda surata düşürilen “Ilkinji synag” çeper filminde meşhur aktýor Baba Annanow özüniň ilkinji roluny ýerine ýetirýär.
  • 1960-njy ýyllar türkmen milli kino sungatynyň iň bir pajarlap ösen döwürleri hasaplanýar. Bu döwürde Bulat Mansurowyň düşüren “Şükür bagşy” kinosy halkara baýraklara mynasyp bolýar.
  • 1970-nji ýyllaryň ortalarynda Hojaguly Narlyýew “Gelin” kinopoemasyny we “Aýal ata çykanda”, “Ýok diýmäni başar”, “Jemalyň daragty” atly eserlerini döredýär.
  • “Böwenjik” atly ilkinji türkmen multfilmi 1975-nji ýylda ekranlara çykýar.

Sowetler döwrüniň ahyrky on ýyllygynda, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda düşürilen kino eserler türkmen jemgyýetindäki sosial problemalary hakyky şöhlelendirmegi bilen tapawutlanýar.

Ýerli garaýyş

Programmamyzyň geçen sanlarynyň birinde türkmen kino sungatynyň dürli döwürlerinden dürli kartinalary diňleýjilerimiziň we okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirdik. Gepleşigimiziň bu sanynda Türkmenistanyň döredijilik giňişligini ýakyndan öwrenýän bir ýerli intelligensiýa wekiliniň türkmen kinosynyň häzirki ýagdaýy we geçen ýoly baradaky pikir-garaýyşlary hem-de türkmen kinosynyň irki ýyllary barada metbugat arhiwleri esasynda taýýarlanan gysga hronologiýa diňleýjileriň dykgatyna ýetirilýär.

Ýerli synçy Türkmenistanda täze ensiklopediýanyň çap edilmeginiň yz ýany, Azatlyk Radiosyna iberen hatynda Garaşsyzlygyň öň ýany we irki ýyllarynda türkmen tomaşaçylara ýetirilen kinolar bilen häzirki döwürde öndürilýän kinofilmleriň arasynda hil taýdan we döredijilik taýdan ummasyz tapawudyň emele gelendigini aýdýar.

“Türkmen kino sungatynyň sowet döwründäki, hususan-da, üýtgedip gurmak ýyllaryndaky şeýle-de Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndaky filmleri ýada salsak, häzirki türkmen kino industriýasyndan ep-esli derejede özüniň manylylygy, terbiýeçilik ähmiýeti, edebi erkinligi, durmuş reallygy bilen tapawutlanýar” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Kinolardaky durmuş reallygy

Ol Garaşsyzlygyň irki ýyllarynda, ýa-da SSSR-iň dargamagynyň öň ýany, düşürilen kinofilmlerdäki reallygy we çeperçiligi mysallar bilen delillendirýär.

“Üýtgedip gurmak ýyllarynda surata düşürilen kinolary ýatlasak, ol döwürlerde, elbetde, türkmen kinosynyň iň edebi erkinlige eýe bolan döwrüdigini bellemek zerurdyr. Çünki şol döwrüň türkmen kinolarynda, ýadyňyzda bolsa, ilkinji gezek sosial problemalar açyk boýun alynýardy. Meselem, "Prokuroryň ölümi" kinosynda hukuk goraýjy edaralaryndaky parahorluk, eden-etdilik, jemgyýetdäki jenaýatçylykly we kriminal toparlar; "Muskal" filminde neşe söwdasynda döwlet we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň oýnan gara oýunlary; "Çagalygymyzyň kasamlary" filminde çagalar baglaryndaky ogurlyk we sudlaryň eden-etdiligi; "Hiç zat bolmady" filminde döwletiň ýokary ýolbaşçylarynyň halklara gyzyl teňňeler kriminalyndaky kezzaplyklary; "Guduz" filminde maşgala problemalary we ýetginjekleriň uly durmuşa geçmegindäki kynçylyklary; "Gara maňlaý hindi gyzy" filminde neşekeşlik, parahorluk, jelepçilik ýaly sosial problemalar we ençeme beýleki kinolarda durmuşy meseleler gozgalypdyr” diýip, ýerli synçy aýtdy.

"Aýgytly ädim" çper filminden bir pursat
"Aýgytly ädim" çper filminden bir pursat

Meşhur türkmen kinorežissýory Osman Saparowyň awtorlygynda surata düşürilen “Prokuroryň ölümi” (ýa-da “Halima”) atly kinofilm 1991-nji ýylda ekranlara çykdy. Hakyky durmuş wakalarynyň esasynda döredilen bu kinofilmde Türkmenistanyň prokuratura edaralaryndaky korrupsiýa jenaýatlary beýan edilýär.

Çeper filmde aýratyn uly möçberde pagta ogurlygyny derňeýän bir prokuror zenanyň edarasyna başga bir jenaýatdan habar berýän gizlin bir ses ýazgy gelip gowuşýar. Pagta ogurlygy bilen bagly girişilen derňewleriň ugry başga jenaýatlaryň derňelmegine eltýär.

Umuman aýdylanda, Türkmenistanda heniz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda düşürilen kinofilmler döwlet edaralaryndaky korrupsiýa hadysalaryny şöhlelendirip bilipdir.

Osman Saparowyň 1982-nji ýylda düşüren “Gorkak batyr” kinofilmi hem tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy, bu çeper film birnäçe halkara film festiwallarynda baýrak aldy. Tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döreden “Gorkak batyr” çeper filmi kino söýüjileriň arasynda çaga terbiýesiniň ähmiýeti barada gyzykly çekişmelere ýol açdy.

‘Kinofilmler halk durmuşyndan daşlaşýar’

Ýerli synçy Azatlyk Radiosyna iberen hatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen kino sungatynyň ösüşlerden galandygyny, öňküler ýaly gyzykly we halkyň durmuşyna ýakyn çeper filmleriň döredilmeýändigini gürrüň berdi. Ol türkmen kino sungatynda emele gelen “gabyzlyk”, döredijiligiň ösüşden galmagy bilen döwlet syýasatynyň arasynda arabaglanyşyk gurdy.

“Häzirki wagtda Türkmenistanda eýýäm formal taýdan üçünji prezident höküm sürýär, emma muňa garamazdan, ýurduň syýasatynyň ýapyklygy, üzňeligi we diýdimzorlygy şol öňküliginde galýar. Türkmenistanda sungat, hususan-da teatr we kino sungatlary bu günki günde sözüň doly manysynda umuman halkyň durmuşyndan daşlaşan çemeli” diýip, ýerli synçy ýazmaça görnüşde Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ol soňky döwürlerde türkmen telewideniýesinde efire berilýän ýerli kinofilmleri many we terbiýeçilik jähtden ýuwan hasaplaýar.

“Sebäbi, köp halatlarda komediýa we gülki žanrynda düşürilen kinolarda hiç hili real durmuşyň şöhlelenmesi ýok, olar hut distilirlenen suwa ýa-da wakuum gaba meňzeýär. Üstesine, her filmde öwran-öwran Arkadagyň, öňräk bolsa Türkmenbaşynyň şahsyýet kultlary mahabatlandyrylýar” diýip, ýerli intelligensiýa wekili özüniň Azatlyk Radiosyna iberen hatynda aýdýar.

‘Meseleler’

Kinorežissýor Osman Saparow üç ýyl ozal, 2019-njy ýylyň sentýabrynda Azatlyk Radiosyna beren wideo interwýusynda türkmen kinosynyň ozalky hyjuwyna, ozalky yhlasyna gaýtadan dolanmagyny arzuw edýändigini gürrüň berdi.

“Türkmenfilmde hakykatdan hem juda mynasyp filmleriň düşürilen bir döwri bolupdy. Men häzirki ‘Türkmenfilmiň’ hem şol döwürlerdäki hyjuwyna, badyna dolanmagyny isleýärin. Bu häzirki türkmen kinematografiýasyna ýetmezçilik edýär” diýip, meşhur kinorežissýor üç ýyl ozal Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Meşhur kinorežissýor bilen geçirilen interwýunyň Azatlyk Radiosynyň YouTube sahypasynda çap edilmeginiň yz ýany, bir ulanyjy Azatlygyň YouTube sahypasynda türkmen kinosynyň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki problemalary barada öz pikir-garaýyşlaryny galdyrdy.

O.Saparow: “Türkmenfilmiň” ozalky hyjuwyna dolanmagyny isleýärin
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:41 0:00

“21-nji asyrda şu wagta çenli çykan türkmen kinolaryny gysgaça suratlandyrjak:

  1. Aktýorlar özüni ýasama alyp barýarlar
  2. Aşa ideal bolup görünjek bolýarlar
  3. Ýerliksiz ýerde prezidenti, syýasatyny öwýärler (diýjek bolýanym, öwmeli däl ýerde-de öwýärler)
  4. Filmlerde köplenç standard türkmen dili geplenýär, meselem Çärjew aksentiniň hiç ulanylyp görlen ýeri ýok.

Umuman aýdylanda, prosto ýasama we içgysgynç” diýip, YouTube ulanyjysy aýdýar.

Görnüşinden, tomaşaçylaryň Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berilýän häzirki türkmen kinolary barada beýan edýän pikir-garaýyşlary belli bir derejede Azatlyga hat iberen ýerli intelligensiýa wekiliniň aýdyňlyk ýyllaryndan öňki türkmen sowet kinolary barada beýan eden garaýyşlaryna çalym edýär.

“[SSSR döwrüniň] ‘üýtgedip gurmak’ syýasaty ýyllaryndan ozalky türkmen kinolary hakynda gürrüň edilende, olaryň juda köp ýagdaýda syýasy galyba, kommunistik partiýanyň ideologiýasyna kybaplaşdyrylandyklaryny boýun almak gerek. Hususan-da, bu hal taryhy we terbiýeçilik ähmiýetli kinolarda kändi. Ýöne, muňa garamazdan, şol kinolarda-da nähili hem bolsa durmuş reallygy belli bir derejede beýan edilýärdi” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň işi çäklendirilýär. 2003-nji ýylyň dekabrynda “Türkmenfilm” birleşigi döwlet telewideniýesine birikdirilýär. Kinoçylar maliýe we syýasy goldawdan mahrum bolýar. Türkmenfilm kinostudiýasy häzirki wagtda Oguz hanyň adyny göterýär.

'Tapawut'

Ýerli intelligensiýa wekili özüniň Azatlyk Radiosyna iberen hatynda Sowetler döwrüniň “üýtgedip gurmak” ýyllaryndaky kinolar bilen, hem-de Garaşsyzlygyň irki ýyllarynda ekranlara çykarylan milli kinolar bilen Türkmenfilmiň häzirki wagtda öndürýän kinolaryny deňeşdirýär.

“Üýtgedip gurmak ýyllarynda iň bir täsirli kinolaryň birine öwrülen Çingiz Aýtmatowyň eseri boýunça goýlan "Mankurt" filmi hem türkmen kino sungatyny dünýä tanadypdy. Bulardan başga-da, üýtgedip gurmak ýyllarynda ençeme dokumental filmler, şol sanda tankydy äheňli, şeýle hem Türkmenistandaky milli azlyklaryň medeniýeti hakynda, çagalar üçin niýetlenen erteki we rowaýat görnüşli birnäçe kino eserler efire berlipdi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda hem detektiw, drama žanrlarynda surata düşürilen "Ýylanly ada", "Zäherlenen söýgi", "Tentek", "Öwrüm", "Jenaýat işi gozgaldy" ýaly kinolentalar, şeýle hem "Küştçi(Grossmeýster)" kinokomediýasy, "Akpamyk" ýaly çagalar filmi iň soňky manyly we halkyň häli-şindi ýatlaýan kino eserleri bolup galdylar. Ýene bir bellemeli zat, şu ady agzalan türkmen kinolarynda belli bir derejede feminizm, ýagny aýallaryň erkekler bilen deň hukuklylygy äheňleriniň duýulmagy hem häzirki Türkmenistanyň hökümetleriniň aýallara edýän basyşlarynyň fonunda özboluşly we geň bolup görünýär. Sebäbi, şol kinolarda, iň bärkisi, aýallar diňe bir türkmen milli köýneklerinde ýa-da başy gupbaly we ýaglykly däl, eýsem, jynsy jalbarly, ýubkaly we öz döwründe moda öwrülen saç priçoskalarynda ýöreýärler, olar awtoritar häsiýetli ärleri we gaýynlarynyň önünde öz hukugyny gorap bilýärler we şuňa meňzeş real durmuşy wakalar suratlandyrylypdy. Emma häzirki türkmen kinolarynda, näme üçindir ähli zenanlar diňe türkmen milli köýneklerinde, başlary tahýaly ýa ýaglykly, ärleri bilen ähli zatda razylaşýar we umuman hiç hili problemalar agzalmaýar” diýip, ýerli synçy aýtdy.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri ““Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artistleri” atly iki tomluk ensiklopediýanyň okyjylaryň arasynda eýýäm çekişmelere mümkinçilik döredýändigini habar berýär.

“Bu kitap milli medeniýetimiziň ösüşini jikme-jik beýan etmek maksady bilen neşir edildi. Ilkinji okyjylar eýýäm täze kitaplara baha berip ýetişdiler. Golaýda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasynda bu ensiklopedik neşire bagyşlanan çekişme geçirildi” diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG