Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda protestler dowam edýär, hukuk topary tolgunyşykda ölenleriň sanyny çap etdi


Eýranyň Zähedan welaýatynda protestçiler köçä çykýar. 11-nji noýabr, 2022 ý.
Eýranyň Zähedan welaýatynda protestçiler köçä çykýar. 11-nji noýabr, 2022 ý.

13-nji noýabra geçilen gije Eýranyň köp sanly şäherlerinde protestler dowam etdi. Ynsan hukuklaryny goraýjylar ölüm sanlarynyň ýokarlanýandygyny duýdurdy we Tähran eýran hökümetiniň sekiz hepde bäri dowam etdirýän basyp ýatyrmalarynyň daşardan tankyt edilmegine gahar bilen jogap berdi.

Paýtagt Tähranda we Arak, Şiraz, Zanjan, Sanandaj hem-de Sardaşt şäherlerinde geçen gije köçe protestleri geçirildi.

Eýran sentýabryň ortalarynda 22 ýaşly Mahsa Amininiň ‘egin-eşik düzgünini bozany üçin’ ahlak polisiýasy tarapyndan saklanyp, wagtlaýyn tussaglykda aradan çykmagy bilen tutaşan protestler we basyp ýatyrmalar bilen sarsylýar.

Eýranyň içinde we daşynda iş alyp barýan Eýran adam hukuklary topary 12-nji noýabrda tolgunyşyklar başlanaly bäri ýurduň 22 sebitinde 326 adamyň, şol sanda 43 çaganyň ölümini hasaba alandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasser Kanaani german kansleri Olaf Şoltzuň tankydyna jogap berip, onuň Tährana has-da basyş edilmegine çagyran wideo ýüzlenmesiniň “diplomatik däl, gatyşyjy we meçew beriji” bolandygyny aýtdy.

Şoltz twit bilen, has köp ÝB sanksiýalaryna we aşa harby Yslamçy rewolýusiýa sakçylary korpusyna hem-de Eýranyň syýasy ýolbaşçylaryna “basyşy güýçlendirmegi dowam etdirmäge” çagyrypdy.

XS
SM
MD
LG