Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulyň merkezindäki Istiklal gezim köçesinde 'bomba goýan aýal' tutuldy


Türkiýede bir aýal Stambulyň Istiklal köçesinde partlaýjy serişdeleri goýandygy üçin tussag edildi diýip, ýerli metbugat ýurduň IIM-ine salgylanyp habar berýär. Mundan öň 21 adam tussag edilipdi.

Türkiýe Stambulyň merkezindäki Istiklal köçesinde guralan terrorçylykly hüjümde güman edilýän adamy tussag etdi diýip, Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlu TRT Haber teleýaýlymynda aýtdy.

Soýlu Istiklal köçesine hüjüm etmek baradaky buýrugyň Siriýanyň demirgazygyndaky Kobani şäherinde, türk güýçleriniň soňky ýyllarda Siriýanyň Kürt YPG milisiýasyna garşy operasiýa geçiren ýerinde berlendigini aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, "bombany goýan adam tussag edildi".

Şeýle-de, Soýlu hüjümçiniň Ankara tarapyndan terrorçy gurama hasaplanýan Kürdüstan Işçiler Partiýasy (PKK) bilen baglanyşykly bolmagynyň çak edilýändigini aýtdy.

Türkiýäniň içeri işler ministri ejir çeken 81 pidanyň 50-siniň hassahanadan boşadylandygyny, bäşisiniň reanimasiýada saklanylýandygyny, olaryň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy. Mundan öň alty adamyň ölendigi habar berlipdi.

Partlama 13-nji noýabrda, Stambulyň merkezindäki gezim köçesinde boldy. Bu syýahatçylaryň arasynda iň meşhur ýerleriň biri hasaplanýar. Türk metbugaty bu hadysada alty adamyň ölüp, 81 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan bu partlamanyň terrorçylykly hüjüme meňzeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG