Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni alar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda, ýurtda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023-2028-nji ýyllaryň strategiýasy hem-de ony amala aşyrmak üçin görülmeli çäreleriň toplumy tassyklanyldy.

Bu karar ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alýar diýip, ýerli metbugat ýazýar.

Emma gol çekilen kararda D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň nämedigi, onuň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak bilen nähili baglanyşygynyň bardygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

"Biznes Türkmenistan" neşiriniň aýdyňlaşdyrmagyna görä, "D witamini bedende birnäçe funksiýany ýerine ýetirip, sagdyn süňkleri we dişleri saklamaga, sagdyn immun ulgamyny, beýni we nerw ulgamyny goldamaga, insuliniň derejesini we öýken, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär".

Bu karar nobatdaky Hasyl toýunyň uly dabara bilen bellenen wagtyna gabat geldi. Resmi maglumata görä ýylda ýokary hasylyň alynýandygyna garamazdan, Türkmenistanda elýeterli bahadan satylýan azyk önümleri ýeterlik hasaplanmaýar.

Halkara guramalary Türkmenistanda dowam edýän azyk ýetmezçiligine ünsi çekip, ýurtda hökümetiň garyplygy inkär edýändigini, häkimiýetleriň ilatyň ykdysady taýdan ejiz gatlagynyň iýmitlenmek hukugyny üpjün edip bilmeýändigini aýdýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba-hojalyk programmasynyň sanlaryna görä, Türkmenistanda diňe 2005-2016-nji ýyllar aralygynda ilatyň açlykda ýaşaýan gatlagy 4,6% bolanlygyndan 5,5% çenli köpelipdir.

2016-njy ýylda Türkmenistanda “Azyk howpsuzlygy” hakyndaky kanunyň rejelenen görnüşi güýje girizildi. Ýöne şondan soňky ýyllarda ýurtdaky azyk gytçylygy hasam güýçlendi.

Şu aralykda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny kabul etdiler. Döwlet baştutanynyň teklibine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasy böleginiň durmuş maksatly ugra, ýagny bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny, döwlet kömek pullarynyň ulgamyny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdiriljekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG