Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan gaz merkezi taslamasyny azeri we türkmen liderleri bilen maslahatlaşar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bazar güni Türkiýede gaz merkezini döretmek meselelerini dekabr aýynyň başynda, Aşgabada sapary wagtynda azeri we türkmen kärdeşleri bilen maslahatlaşmakçy bolýandygyny aýtdy diýip, TASS 13-nji noýabrda Ankaradan habar berdi.

"[Russiýanyň prezidenti Wladiir] Putin we onuň resmi wekilleri Türkiýede energiýa merkezini döretmek meselesi barada eýýäm beýanat etdiler. Meýilleşdirilen çäreler netijesinde Türkiýe tebigy gaz paýlaýyş merkezine öwrüler. Onuň döredilmegi bilen bagly meseleleriň geljek aýyň başynda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri bilen, Aşgabat sapary wagtynda ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Oňyn netijelere umyt edýärin” diýip, ol žurnalistlere Indoneziýa, 20-ler toparynyň sammitine ugramazyndan öň aýtdy.

Türkiýede mundan beýläk “Demirgazyk akymy” arkaly geçirip bolmajak möçberdäki gazy gaýtadan ugrukdyrmak üçin merkez döretmek pikiri Russiýanyň Energetika hepdeliginde rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan öňe sürüldi.

“Bu başga bir gaz geçiriji ulgamynyň gurulmagyny we Türkiýede bir gaz merkeziniň döredilmegini, onuň üsti bilen üçünji ýurtlara, hususan-da ýewropa ýurtlaryna, eger gyzyklansalar, gaz iberilmegini aňladyp biler” diýip, ol aýtdy.

Bu rus we türk prezidentleriniň 13-nji oktýabrda Astanada, Aziýada özara täsir we ynam döretmek çäreleri konferensiýasynyň çäginde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy diýip, TASS-yň habarynda bellenýär.

XS
SM
MD
LG