Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gyzy Saida Mirziýoýewany prezident administrasiýasynyň ýerine ýetiriji edarasynyň aragatnaşyk we maglumat syýasaty boýunça başlygy wezipesine belledi diýip, döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi.
Prezidentiň gyzynyň ýolbaşçylygynda täze döredilen pudak jemgyýetçilik pikirini we maglumat syýasatyny öwrenmek bilen meşgullanýar.
Mirziýoýewa sosial ulgamda, medeniýetde we bilimde özgertmeleriň gidişine gözegçilik eder.
Özbek lideriniň uly gyzy Saida Mirziýoýewa 2019-2022-nji ýyllarda prezident administrasiýasynyň ýanyndaky Maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk gullugynyň müdiriniň orunbasary bolup işledi, soňra Milli köpçülikleýin habar serişdelerine goldaw berýän ösüş gaznasynyň geňeşiniň başlygynyň orunbasary boldy.