Daşoguzdaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň daş-töweregi baýramçylyk öwüşginlerine beslendi, myhmanlar aýdym-saz, duz-çörek bilen garşylanyldy diýip, türkmen mediasy 16-njy noýabrda habar berdi.
Iki ýurduň amaly-haşam we zergärçilik sungatynyň eserleriniň sergisinde türkmen we özbek halklarynyň bu ugurda gazanan üstünlikleri görkezildi.
Açylyş dabarasyna gelenler iki ýurduň prezidentleriniň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara iberen gutlaglaryny diňlediler.
Soňra iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti başlandy.
Resmi habarda aýdylmagyna görä, festiwal şäheriň ýaşaýjylarynda uly gyzyklanma döredýär.