Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti rus resmisini kabul etdi, Aşgabada Brýanskdan bäş teplowoz geldi


Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul edýär. "Orient" neşiriniň fotosuraty
Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul edýär. "Orient" neşiriniň fotosuraty

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji noýabrda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Owerçuk hökümetara türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň RF tarapynyň başlygy hem bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda, şol sanda parlamentara derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigini bellediler we türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan nebit-gaz, senagat, ulag-logistika ýaly ugurlary dinamik we geljegi uly bolan pudaklaryň hatarynda bellediler.

Şu aralykda Russiýadan Türkmenistana bäş sany teplowozyň getirilendigi habar berildi.

Kremliň yglan eden resmi maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 171,1 million dollar boldy. Bu geçen ýylyň ýanwar-mart aýlary bilen deňeşdirilende 45% köp bolýar.

XS
SM
MD
LG