Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara deňiz däne ylalaşygyny 120 güne çenli uzaltmak barada ylalaşyk gazanyldy


Bezeg suraty. "Gara deňiz däne başlangyjy 120 gün uzaldyldy" diýip, Ukrainanyň infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow twitterde ýazdy.
Bezeg suraty. "Gara deňiz däne başlangyjy 120 gün uzaldyldy" diýip, Ukrainanyň infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow twitterde ýazdy.

Birleşen Milletler Guramasy 17-nji noýabrda Ukraina Gara deňiz kenarlaryndaky üç portundan galla eksport etmek mümkinçiligini berýän şertnamanyň dört aý uzaldylandygyny aýtdy.

BMG bu başlangyçda hiç bir üýtgeşmäniň bolmandygyny aýtdy. Russiýanyň Daşary işler ministrligi Moskwanyň bu ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagyna "hiç bir üýtgetme girizilmezden” razylyk berendigini aýtdy.

"Gara deňiz däne başlangyjy 120 gün uzaldyldy" diýip, Ukrainanyň infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow twitterde ýazdy.

Kubrakow biraz öň ýazan twitinde Ukrainanyň galla şertnamasynyň bir ýyl uzaldylmagyny we Mikolaýew portuny hem öz içine almagyny sorandygyny aýtdy.

Möhleti uzaltmak baradaky gepleşikler Ukraina, Russiýa, Türkiýe we BMG arasynda geçirilensoň, bu talaplar kepillendirilmedi. Ylalaşygyň mundan öňki möhleti 19-njy noýabrda gutarmalydy.

XS
SM
MD
LG