Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sahalinde gazyň partlamagy sebäpli azyndan dokuz adam öldi


Ýangynda heläk bolanlaryň arasynda dört çaga hem bar
Ýangynda heläk bolanlaryň arasynda dört çaga hem bar

19-njy noýabrda Russiýanyň Sahalin sebitinde bir ýaşaýyş jaýynda gazyň ýarylmagy netijesinde azyndan dokuz adam, şol sanda dört çaga öldi. Bu barada ýerli resmiler habar berdiler.

Tymowskoýe şäheriniň bäş gatlyk binasynda dörän partlamanyň netijesinde, jaýyň bir toplumy weýran boldy.

Ýerli resmiler halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini, şeýle-de binada hasaba alnan 33 adamyň tapdyrmaýandygyny aýtdylar.

Regional prokuratura bu hadysa boýunça derňewe başlady, Derňew komiteti hem jenaýat işini açdy.

XS
SM
MD
LG