Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň irki prezidentlik saýlawlarynda Tokaýewe asyl bäsdeşlik görkezilmeýär


Gazagystandaky saýlawlar. Astana, 20-nji noýabr, 2022 ý.
Gazagystandaky saýlawlar. Astana, 20-nji noýabr, 2022 ý.

Gazagystanda irki prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Onda Kasym Žomart-Tokaýewiň, oňa garşy çykýan çynlakaý bäsdeşleriniň ýoklugy sebäpli, ikinji möhlete prezident saýlanmagyna garaşylýar.

Özüni reformator edip görkezmäge synanyşsa-da, Tokaýew saýlawlara hakyky oppozisiýa partiýalarynyň hasaba alynmagyna mümkinçilik bermedi.

Tokaýew bilen saýlawlara ady kän bilinmeýän ýene bäş kandidat, şol sanda iki aýal dalaşgär gatnaşýar. Olaryň hakyky bäsdeşlik görkezmejekdigi bellenilýär.

20-nji noýabrdaky saýlawlardan üç aý ozal Gazagystanda prezidentiň bu wezipäni bäş ýyl möhlet bilen yzly-yzyna iki sapar saýlanmaga mümkinçilik berýän düzgün ýatyrylyp, onuň deregine ýedi ýyllyk bir möhlet girizildi.

Bu Tokaýewiň “Täze Gazagystan” ady bilen öňe sürýän kampaniýasynyň çäginde hödür edilipdi.

Gazagystanda prezidentlik saýlawlary 2024-nji ýylda geçirilmelidi. Emma sentýabrda Tokaýew irki prezidentlik we parlament saýlawlaryny geçirmäge çagyryş etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG