Katarda futbol boýunça Dünýä çempionaty başlandy. El-Haur şäherinde geçirilen ilkinji oýunda ýer eýeleriniň ýygyndy topary bilen Ekwadoryň topary bäsleşdi.
Çempionat ilkinji gezek aglaba musulman ilatyndan durýan arap ýurdunda we güýz-gyş möwsüminde geçirilýär. Tomusda Katarda howa gaty yssy bolýar.
Katar doly monarhiýa ýurdy, “Freedom House” halkara guramasy ony azat däl ýurt hökmünde häsiýetlendirýär. “Serhetsiz habarçylar” guramasynyň metbugat azatlygy boýunça indeksinde Katar dünýäde 119-njy ýerde durýar. Ýurduň häkimiýetleri, beýleki hukuk bozmalary bilen birlikde, LGBT wekilleriniň hukuklaryny bozmakda hem tankyt edilýär.
“Amnesty International” ýurtda Dünýä çempionaty üçin gurulýan desgalaryň gurluşyklarynda 6 müňden 15 müňe çenli aralykda daşary ýurtly işçiniň ölendigini habar berdi, häkimiýetler bäsleşik üçin gurlan desgalaryň gurluşyk meýdançalarynda 37 adamyň ölendigini aýdýarlar.
Çempionata taýýarlyk çempionatyň geçiriljek ýerini saýlap almak bilen baglanyşykly korrupsiýa şübhelerine esaslanýan dawa-jenjeller bilen utgaşdy.
FIFA-nyň prezidenti Jianni Infantino Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň açylyşynyň öňüsyrasynda Günbataryň bu ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagyny tankyt etmeginiň "ikiýüzlülik" bolandygyny aýtdy.
"Biz, ýewropalylar, soňky üç müň ýylda eden işlerimiz üçin üç müň ýyllap ötünç soramaly. Biz diňe şondan soň ahlak bahalaryny berip bileris" diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de ol ýurduň ýokary derejeli resmileriniň özüne çempionatda hemmeleriň, şol sandA LGBT wekilleriniň hem güler ýüzli garşylanjakdygyny wada berendiklerini aýtdy. FIFA-nyň başlygynyň çykyşy adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan tankyt edildi.