BMG we Türkmenistan hökümeti, DÖM, durnukly ösüş maksatlary maliýeleşdirmesi boýunça bilelikdäki tagallalary dowam etdirýär.
Golaýda Bilelikdäki bilermenler toparynyň (BBT) altynjy ýygnagy geçirildi, bu ýygnak 2021-2022-nji ýyllar üçin Hereket meýilnamasynyň çäginde, Türkmenistanyň döwlet maliýe ulgamyna we ony özgertmek meýilnamalaryna bagyşlandy diýip, UN-Türkmenistan web sahypasy habar berýär.
BBT-niň agzalary Türkmenistanyň döwlet maliýe ulgamy we ony özgertmek meýilnamalary, Türkmenistandaky Ösüş Maliýe Bahalandyrmalarynyň (DFA) netijeleri, şeýle-de toparyň 2022-nji ýyldaky iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi we indiki ýyl üçin işlenip düzülen deslapky meýilnamalar bilen tanyşdylar.
BMGÖM-niň DFA boýunça bilermeni Lewon Barhudarýan Türkmenistanda Ösüş Maliýe Bahalandyrmasynyň netijeleri barada gürrüň berip, bu netijeler esasynda taýýarlanan teklipleri hödürledi.
Bilermen Türkmenistandaky maliýeleşdiriş şertleriniň düýpli elementlerinde käbir gowulaşmalaryň zerur bolup durýandygyny aýtdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar toparyň Ýyllyk Hereket meýilnamasyny täzelemek, INFF-ni (integrirlenen milli maliýeleşdiriş çarçuwasyny) mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ýol kartasynyň goşmaçalaryny taýýarlamak we olary toparyň indiki ýygnagynda orta möhletli býujet çarçuwalaryny girizmekdäki üstünlikli halkara tejribesi bilen bilelikde teklip etmek ylalaşygyna geldiler.