Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we BAE energetika, himiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirer


Türkmenabatdaky himiýa kärhanasy
Türkmenabatdaky himiýa kärhanasy

Türkmenistan bilen BAE energetika we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ylalaşygyna geldi diýip, prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň Abu-Dabi şäherinde geçiren gepleşikleriniň netijesinde kabul edilen Beýannamada aýdylýar.

Taraplar ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, bu ugurdaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de nebit-gaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we dikeldilýän energiýa ýaly, ileri tutulýan pudaklarda bilelikdäki tagallalary artdyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny beýan etdiler diýlip, resminamada bellenilýär.

Şeýle-de, maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin, bilelikdäki taslamalar amala aşyrylan wagtynda taraplaryň iki döwletiň telekeçilerine goldaw berjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG