Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro desgasynyň töwereginde gorag zolagyny döretmek gepleşikleri güýçlenýär

Rafael Grossi 
Rafael Grossi 

Hepde ahyrynda zawoda atylan toplardan soň, BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy Ukrainadaky Zaporižýa atom elektrik stansiýasynyň töwereginde gorag zolagyny döretmek baradaky geňeş-maslahatlaryny ýygjamlandyrýar.

Halkara Atom Energiýasy agentliginiň (IAEA) baş müdiri Rafael Grossi bu zonany döretmek üçin birnäçe aý bäri alnyp barylýan işler barada jikme-jik maglumat bermedi.

Ol 21-nji noýabrda beren maglumatynda 19-njy noýabr agşamy we 20-nji noýabr güni irden amala aşyrylan topa tutmalaryň "soňky aýlarda bu desgada bolup geçen iň agyr hadysalaryň biri bolandygyny” aýtdy.

Topa tutmalaryň nähili agyr bolandygyna garamazdan, HAEA-nyň inspektorlary esasy enjamlaryň abat galandygyny, edil wagt abanyp duran ýadro howpsuzlygy ýa-da howpsuzlyk aladalarynyň ýokdugyny tassyklap bildiler diýip, Grossi aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Zaporižýadaky alty reaktor bölümleriniň ýagdaýy durnukly, esasy enjamlar üýtgemän galypdyr we ýadro howpsuzlygy ýa-da howpsuzlyk meselesi ýok. Ýöne HAEA ekspertleri bu desganyň töwereginde uly zaýaçylygyň bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG