Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky söwda dolanyşygy 53,6 % ýokarlandy

Arhiw suraty
Arhiw suraty

“Biznes Türkmenistan” neşiri Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň şu ýylyň on aýynda 50 prosentden gowrak ýokarlanyp, 8,97 milliard ABŞ dollaryndan geçendigini habar berýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki ýurduň özara söwda dolanyşygyndaky ösüş, Hytaýyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 53,6 % ýokarlanypdyr. Türkmenistan bu hili maglumatlary çap etmeýär we aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkinçiligi ýok.

Diňe oktýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 982 million ABŞ dollaryndan geçdi diýip, habarda aýdylýar.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan ýanwar-oktýabr aýlarynda Hytaýa bahasy 8,28 milliard ABŞ dollaryna barabar önüm iberdi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň bu döwürde Hytaýdan 691 million ABŞ dollaryna durýan harytlary import edendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň Hytaýa edýän eksportynyň esasy bölegini tebigy gaz tutýar.

XS
SM
MD
LG