Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Roman Wasilenko Kremle tarapdar ekspertiň Russiýanyň Ukrainadan soňky "problemasynyň" Gazagystan boljakdygy barada aýdan sözlerine reaksiýa bildirdi.
"Ol ýrerde hem nasist prosesleri başlanyp biler" diýip, rus syýasatçysy Dmitriý Drobnitskiý Kremliň Ukraina garşy başlan urşuny aklamak üçin ulanan wagyz ritorikasyna salgylanyp aýtdy.
"Ol ýerde hem ruslar kän, ol ýerdäki territoriýada bolsa... bagyşlaň, Semipalatinsk hem bar, biziň “Rosatomymyz” üçin gerek bolan ýadro ýangyjy hem şol ýerde" diýip, syýasatşynas Wladimir Solowýowyň “Rossiýa -1” telekanalyndaky gepleşiginde aýtdy.
"Biziň pikirimizçe olar, (seýle beýanatlar - red.), birinjiden, Russiýa Federasiýasynyň resmi pozisiýasyny görkezmeýär, ikinjiden, Gazagystan bilen Russiýanyň arasynda däp bolan ýakyn gatnaşyklara zyýan ýetirýär, üçünjiden, federal telekanallaryň birinde beýan edilen şeýle pozisiýalara Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň degişli derejede reaksiýa bildirmegi gerek"diýip, Roman Wasilenko aýtdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin fewral aýynda Ukrainada başlan ýörite operasiýa diýýäniniň resmi sebäbini “nasistlerden saplamak” maksady bilen düşündirdi.