Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

USAID Özbegistana 131 tonna azyk kömegini berýär


USAID Özbegistana 131 tonna azyk kömegini berdi.
USAID Özbegistana 131 tonna azyk kömegini berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) üsti bilen, Özbegistana 410,000 dollar bahasy bolan 131 tonna azyk kömegini berdi diýip, ABŞ-nyň Daşkendäki ilçihanasy 23-nji noýabrda habar berdi.

“Bu kömek ýurduň has mätäç raýatlarynyň 35 müňüsini üpjün etmek üçin 98 sany saglygy goraýyş we durmuş goragy edaralaryna paýlanyp berler” diýip habarda aýdylýar.

Berilýän azyk kömegi Amerikanyň girdeji gözlemýän guramasy, “Resource and Policy Exchange” tarapyndan Daşkentde ýerleşýän hökümetden aýry gurama, “Sog'lom Avlod Uchun” arkaly bilen paýlanar.

Bu kömek 13 ýyl bäri berilýär.

USAID-iň Halkara Azyk kömegi maksatnamasy boýunça Özbegistana 2010-njy ýyldan bäri 4 million dollardan gowrak serişdä durýan 1425 tonna azyk kömegi gowşuryldy.

XS
SM
MD
LG