Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir hepdedäki ikinji alyş-çalyşda 100-e golaý ukrain, rus tussagy çalşyldy


24-nji noýabrda Moskwa bilen Kiýew ýene bir gezek tussag çalyşdy diýip, prezident edarasynyň we Goranmak ministrliginiň resmiler başga birleri bilen çalşylan onlarça adam yzyna geleninden bir gün soň aýtdy.

Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygy Andriý Ýermak soňky ýesir alşygynda ukrain tarapynyň Russiýa berlen 50 tussagyň ýerine “Azowstal” demir zawodynyň gabawyndan aman galanlary, şol sanda Çernobyl atom elektrik stansiýasynda tussag edilen 15 adamy, Ýylan adasynda tussag edilen ýedi adamy yzyna alandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi we Donetsk sebitinde Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň başlygy Denis Puşilin ukrain güýçleriniň 50 sany rus tussagyny rus tarapyna tabşyrandygyny tassyk etdi.

24-nji noýabrda geçirilen alyş-çalyş 36 adamyň - 35 harbynyň we bir raýatyň - Ukraina gaýdyp gelmeginiň we Russiýanyň 35 sany harby gullukçynyň yzyna berilmeginiň bir gün soňundan boldy.

XS
SM
MD
LG